Gazlandyrylan içgileriň saglyk üçin örän zyýanlydygyny köp wagt bäri bilýäris. Şeýle-de bolsa, bu maglumat köp adamyň bu şekerli içgini içmegine päsgel bermeýär.
«Coca-Cola» we «Pepsi-Cola» dünýäde iň meşhur gazlandyrylan içgilerdir. «GadgetPage» bu brendleriň taryhy hakyndaky maglumatlary paýlaşdy..
«Coca-Cola» 1886-njy ýylda Atlantada derman ýasaýjy Jon Stit Pemberton tarapyndan işlenip düzüldi. Şondan ýedi ýyl soň bolsa Demirgazyk Karolinada başga bir dermançy Kaleb Bradham tarapyndan «Pepsi-Cola» döredildi. Iki içginiň hem dermançylar tarapyndan işlenip düzülmegi geň däl: şol döwürde energiýa beriji içgileriň aglabasy dermançylar tarapyndan işlenip düzülýärdi we degişli edaralarda satylýardy.
Içginiň düzüminiň «Coca-Coladan» ogurlanandygy barada gürrüňler bar. Şeýle-de bolsa, bu diňe çaklama. Aslynda, ähli esasy maglumatlaryň elýeterli bolandygy üçin hiç bir zady ogurlamagyň zerurlygy ýokdy. Olara tagamly siroplar, şeker, gazlandyrylan içgiler we kofein gerekdi. Şondan soňky iş diňe müşderileriň garaşmalaryny kanagatlandyrmak üçin olary birleşdirmekde jemlenýärdi.
Şondan soň iki brend hem häzire çenli dowam edip gelýän sarp edijileri çekmek ugrundaky göreşe başlady. «Coca-Cola» klassiki we däp-dessurlara daýanýardy. Şonuň üçin hem, brendiň mahabaty köplenç maşgala, umumy wagt we dostluk gymmatlyklarynyň töwereginde aýlanýardy. Beýleki tarapdan, «Pepsi-Cola» ýaşlar, sport söýüjiler we işjeň wagt geçirmekden lezzet alýanlar üçin niýetlenen içgi hökmünde özüni görkezýärdi.
Iýmit boýunça maslahatçy Alekseý Kabanow «Gazeta.Ru» beren interwýusynda günde näçe gazly içgi içip boljakdygyny düşündirdi. Hünärmen başga süýjülikleri iýmeýän adam üçin günde bir stakandan köp içginiň maslahat berilmeýändigini belledi.
Show more