Çopantelpegiň peýdasy

MilliInfo

2 sagat öň

Çopantelpegiň peýdasy

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr. Şeýle hem ol dermanlyk otlardan taýýarlanylýan çaýa goşulýan gülleriň arasynda-da iň köp ulanylýanlarynyň biridir.

Çopantelpegi gülläp başlanda, köküni alman ýygmak maslahat berilýär. Ol köşeşdiriji serişde hökmünde ukusyzlykda, aşa duýgurlyk ýagdaýlarynda giňden ulanylýar. Bu dermanlyk ot rahatlandyryjy häsiýete eýe bolup, kiçi ýaşly çagalar we uzak wagtlap dartgynly emosional ýagdaýda  bolýan näsaglar üçin has-da peýdalydyr. Lukmançylykda bu ösümligi agyrysyzlandyryjy, köşeşdiriji, damar giňediji serişde hökmünde ulanýarlar. Şeýle-de ol sowuklamada, guragyryda, bogunlaryň çişmesinde haýyr edýar. Bu täsin ösümligi içege kesellerini bejermekde, gyzzyrmada, basykda (angina), dümewde çaý görnüşinde belli bir mukdarda içmegi maslahat berilýär.

Lukmanlar çopantelpegiň goýy demlemesini ary baly, ýumurtganyň sarysy we mindal ýagy bilen garyp, bu garyndyny birnäçe gat hasa siňdirip, ýüze daňylanda, ýüzüň ter bolmagyny, wagtyndan öň garramazlygyny üpjün edýändigini aýdýarlar. Ol serasty myşsalaryň kadaly işlemegine ýardam edýär, böwrek kesellerinde çopantelpekli, süýtli demlemäni içmek maslahat berilýär. Onuň gülünden taýýarlanylýan saç ýuwujy serişdeler saçlarymyza oňaýly täsir edýär. Şeýle hem bu ösümligiň gülleri allergik täsire garşy serişde hökmünde dürli melhemlere goşulýar. Ösümligiň efir ýaglary bolsa parfýumeriýada giňden ulanylýar.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info