Diňe şu gül desselerini satyn alyň: Doglan senäňize esaslanyp, gül saýlaň — ol size bagt getirer

MilliInfo

28 Ýanwar, 2026

Astrologiýa gyzykly we köpugurly ugurdyr. Köp ezoteriklar her bir adamyň diňe bir doglan daşynyň däl, eýsem, şahsy gülüniň hem bardygyny bilýärler. Eger siz bu gülleri öýüňiz üçin saýlasaňyz, bagt hemişe siziň bilen bolar. "Biziň durmuşymyz" blogunyň awtory muny şeýle düşündirýär.

Eger siz 1-nji, 10-njy, 19-njy ýa-da 28-nji günlerde doglan bolsaňyz, siziň gülüňiz günebakardyr. Sizi gün energiýasy dolandyrýar, şonuň üçin hem, durmuşyňyzda şu gül ýaly, mümkin boldugyça köp ýagty reňkler bolmaly.

2-nji, 11-nji, 20-nji ýa-da 29-njy günlerde doglanlar üçin suw liliýasy bagt getirýär. Siz aý görnüşindäki adamsyňyz, ýylylyk, intuisiýa, emosionallyk we duýgudaşlyk bilen häsiýetlendirilýärsiňiz. Suw liliýasy bu häsiýetleri ajaýyp görkezýär.

3-nji, 12-nji, 21-nji ýa-da 30-njy günlerde doglanlara bagly gül lotusdyr. Bu özboluşly gül, esasan hem, Aziýada uly hormata eýe bolup, Ýupiteriň astynda dünýä inenler bilen baglanyşyklydyr. Olar filosofik pikirleniş, paýhas, jomartlyk we akýüreklilik bilen häsiýetlendirilýär.

4-nji 13-nji, 22-nji ýa-da 31-nji günlerde doglanlar orhideýa bilen baglanyşyklydyr. Bu adamlaryň janly, täsin we kesir tebigaty olary köplenç özboluşlylyga we erkinlige iterýär. Bu gül adaty bolmadyk çözgütlere bolan söýgini alamatlandyrýar.

5-nji, 14-nji we 23-nji günler üçin lawanda maslahat berilýär. Sabyrly, ýöne işjeň we energiýaly, içki güýji döredijilik pikirlerine, ynandyryjy sözlere we özüne çekijilige öwürmäge kömek edýär. Şeýle adamlar köplenç ajaýyp liderlere öwrülýärler.

6-njy, 15-nji ýa-da 24-nji günlerde doglanlar bägül bilen baglanyşyklydyr. Tikenli, ýöne owadan, bu sazlaşykly we romantiki bägül ruhy ösüşi, paýhasy we romantikany alamatlandyrýar.

7-nji, 16-njy we 25-nji günlerde doglanlara žasmin maslahat berilýär. Bu adamlar öňdengörüjiligi we wepalylygy bilen tapawutlanýarlar. Olar çuňňur ynam we dostlara, öz işlerine wepalylyk bilen häsiýetlendirilýär.

8-nji, 17-nji ýa-da 26-njy günlerde doglanlara hrizantema täsir edýär. Wagtyň we zähmetiň planetasy bolan Saturn tarapyndan dolandyrylýan bu adamlar guramaçylyklylygy, çydamlylygy, dogruçyllygy we tertip-düzgüni bilen tapawutlanýarlar.

9-njy, 18-nji we 27-nji günlerde dünýä inenlere karanfil güli mahsusdyr. Bu senelerde doglan adamlar tutanýerlilik, öz gymmatlyklary üçin göreşmek ukybyna, liderlik häsiýetlerine eýelik edýärler.

Teswirler

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info