Dünýädäki iň inçe myhmanhana

MilliInfo

30 Ýanwar, 2026

Indoneziýada hyzmat edýän dünýäniň iň inçe myhmanhanasynyň ini, takmynan, 2,8 metr. «PituRooms» atly myhmanhananyň binagäri Ary Indra binany Merkezi Jawa welaýatynyň Salagita şäherinde, geň ululygy sebäpli hiç kimiň satyn almak islemeýän ýerinde gurandyklaryny aýdýar.

ABŞ-nyň tanymal metbugat guramalarynyň biri bolan «CNN» tarapyndan guralan söhbetdeşlikde binagär 5 gatly myhmanhanada 7 otagyň bardygyny aýtdy.

  «Sahabat Selogene" atly arhitektura firmasyny esaslandyryjy Indra, her otagda goşa düşek we duş şeýle-de hajathana bilen kiçijik hammam bar.

  Indoneziýaly suratkeşler we dizaýnerler tarapyndan taýýarlanan otaglaryň täsin öz gurluşynyň bardygyny mälim eden Indra: "Bu ýere gelenleriň Salatiga şäherini täzeçe başdan geçirmegini isleýärin» — diýip, binagär belledi.

Binagär myhmanhanany döreden topary bilen dolandyrýandygyny mälim etdi we Jakartanyň, takmynan, 480 km günorta-gündogarynda ýerleşýän Salagita şäherine has köp syýahatçy çekmek isleýändigini belledi.

Indoneziýalylaryň köpüsiniň 2022-nji ýylyň dekabrynda açylan myhmanhanada galýandyklaryny mälim eden Indra bu pudakda düşünişmek üçin täzeçe garaýyş döredendiklerini aýtdy.

 

 

Teswirler

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info