Indi emeli aň beýniniň tolkunlary arkaly sözlere we hereketlere bir wagtda düşünip bilýär

MilliInfo

4 sagat öň

Indi emeli aň beýniniň tolkunlary arkaly sözlere we hereketlere bir wagtda düşünip bilýär

Alymlar beýni bilen kompýuteriň arasynda işleýän täze ulgamy synagdan geçirdiler. Bu tehnologiýa beýniden gelýän signallary okap, adamyň näme diýmek isleýändigini we haýsy hereketi etjek bolýandygyny bir wagtyň özünde kesgitläp bilýär.

Synagda agyr ysmazlygy bolan adamlaryň beýnisine ýörite implant ýerleşdirildi. Implant beýniniň hereket bilen bagly böleginden gelýän signallary ýazga aldy. Soňra emeli aň bu tolkunlary seljerip, söz we hereket baradaky maglumatlary aýratynlykda düşündirdi.

Iň gyzykly ýeri, ulgam diňe bir adamyň sözlerini däl, eýsem, onuň şol bir wagtda edýän ýa-da etmäge synanyşýan el we beden hereketlerini hem düşündirip bilýär. Mysal üçin, aýdylýan söz bilen birlikde el hereketi hem wirtual awatar arkaly görkezilýär.

Alymlar bu tehnologiýanyň geljekde gürläp ýa-da hereket edip bilmeýän adamlara has tebigy görnüşde aragatnaşyk saklamaga kömek edip biljekdigini belleýärler. Häzirlikçe bolsa bu diňe barlag we synag derejesindäki tehnologiýa.

Bu täze ulgam beýni bilen kompýuteriň arasyndaky baglanyşygyň geljekde nähili ösüp biljekdigini görkezýän gyzykly mysallaryň biri bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info