Gupba türkmen halkynyň taryhynda we medeniýetinde diňe bezeg şaý-sepi bolman, eýsem, gyz maşgalanyň jemgyýetdäki ornuny, onuň dünýägaraýşyny görkezýän gymmatlyk hasaplanypdyr. Gupbany durmuşa çykmadyk gyzlar geýipdirler, durmuşa çykanda bolsa, gelnalyjy gelen wagty dabaraly ýagdaýda onuň başyndaky gupbasy aýrylyp, ýerine gelinlik başbagy, öýmäniň ýa-da kürtäniň astyndan geýilýän topby geýdirilipdir. Şonuň üçin hem, gupba taryhda erkinligiň, ýaşlygyň we päkligiň nyşany hasaplanypdyr.
Gadymy döwürlerde adamlar dürli tebigy hadysalara we syrly güýçlere ynanypdyrlar. Şol sebäpli hem, gupbany gorag hökmünde-de ulanypdyrlar. Taryhda türkmen gelin-gyzlarynyň edep-ekramy, kaddyny göni tutmagy we saldamly ýöremegi gupba bilen bagly bolupdyr. Gupbanyň agramy gyzyň başyny hemişe dik we syratly tutmagyny talap edipdir. Şelpeleriň çykarýan näzik sesi bolsa gyzyň gaty ylgamazlygyna, asuda we agras hereket etmegine kömek edipdir.
Gupbanyň gümmez görnüşli bolmagy taryhçylaryň we senetçiligi öwrenijileriň pikiriçe, asman gümmezini, günüň nuruny ýa-da gadymy esgerleriň galkanyny aňladýar. Bu bolsa türkmen senenamasynyň älem-jahany düşündiriş taryhy kökleriniň bardygyny subut edýär.

Show more