Ösimlikdir haýwanat dänýäsinde baý türkmen tebigaty gyş aýlary has hem täsin keşbe girýär. Gyş paslynyň ajaýyp görnüşi, ak dona bürenen tebigat ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinde, goşgularynda özüniň çeper beýanyny tapypdyr. Gyş paslynyň täsin görnüşi barada XX asyr türkmen edebiýatynda öçmejek yz goýan şahyr Mämmet Seýidow «Akja gar» goşgusynda şeýle diýýär:
Ir säherden howaň ýüzi gamaşyp,
Baglaň kirpiginde göründi gubar.
Ak guwlaryň peri deýin galgaşyp,
Salam saňa, gökden inýän akja gar.
«Asman enäň ýere sepýän ýaşlygy» diýen setirinde şahyr «Garry mama sanajyny kakar» diýen türkmen halk matalyny ussatlyk bilen şygra salýar. Bu matalyň jogaby gar bolup, geçmişde deriden taýýarlanan sanaçda hojalyk hajatly zatlar bilen birlikde, un hem saklanypdyr. Sanajyň kakylmagy bolsa garyň ýagyp duran pursaty bilen deňelýär. Bu goşgunyň:
Eý akja gar, owadan gar, ýaýlamda,
Kejebeläp ösen akja gül deýin,
Gel, men seni goýup yssy aýamda,
Ak baharyň meýlisine elteýin
— diýen bendinde gyş görnüşiniň sähra tebigaty bilen baglanyşdyrylmagy şahyryň döredijiligine watançylyk temasynyň esasy orunda goýulýandygyny görkezýär, türkmen sährasynyň gyşdaky gözel görnüşiniň possuna deňelmegi şahyryň ajaýyp şygryna milli röwüş çaýýar.
Show more