Gyşky tagam: Öýde taýýarlanan towukly hem aşly çorba

MilliInfo

24 Ýanwar, 2026

Gyş pasly dowam edýär. Bu bolsa siziň hökman öýde taýýarlanan we ýyly bir zady isleýändigiňizi aňladýar. Şonuň üçin hem, bilelikde towukly lapşa çorbasyny taýýarlaýalyň. Bu tagamyň nusgawy görnüşi bar. Muňa garamazdan, häzirki wagtda köpleriň dürli goşmaçalary goşup başlamagy bilen çorbanyň bu görnüşi asyl tagamyny ýitirip barýan ýaly.

Iýmit blogeri Ýewgeniýa Polewskaýa bu bu tagamyň düzümini paýlaşdy.

Towugy gazanda sogan bilen gaýnadyň. Gaýnap duran wagty onuň köpügini aýyrmagy ýadyňyzdan çykarmaň, ýogsa arassa çorba bolmaz. Suwy bir sagatlap gaýnadyň.

Şondan soň towugy we sogany aýryň hem-de çorbanyň üstüne dogralan ýeralmany (kartoşkany) goşuň.

Şol bir wagtyň özünde bolsa gyzardylan gapda sogan we käşir sotesini taýýarlaň. Oňa bulgar burçuny goşuň. Bäş-alty minutdan soň sote taýýar bolar.

Towugy çorbanyň üstüne guýuň we sogan hem käşir sotesini goşuň. Bäş minutdan soň bu tagama aş garyň. Ýene bäş minutdan soň bolsa tagamyna görä duz we täze pomidor dilimlerini goşuň.

Tagamlary deňagramlaşdyrmak üçin ýarym çaý çemçesi şeker goşmak maslahat berilýär. Şondan soň noýbanyň konserwirlenen görnüşini goşmak bilen nahary baýlaşdyrmaly. Iň soňundan bolsa sarymsak goşup bilersiňiz.

Ajaýyp tagamyň düzümi örän ýönekeý. Towugy arassalanmadyk sogan we käşir bilen bişiriň. Çorbany süzüň, et böleklerini we öýde kesilen aşy goşuň.

 

Teswirler

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info