Tomusda siz hemişe suw içmek isleýärsiňiz. Şol döwürde sowuk limonad has-da meşhur bolýar. Dükanlarda, esasan hem, şeker goşulan suwlar satylýar, ol suwsuzlygyňyzy gandyrmaz we diňe saglygyňyza zyýan ýetirer. Munuň üçin hyýar limonadyny ýasamagyňyzy maslahat berýäris.
TAÝÝARLAMAK
Ýaş hyýarlary tapyň. Olar has gyrymsy bolýar we ysyny has güýçli çykarýar. Olary inçe dilimläň, küýzä goýuň we täze narpyz ýapraklaryny goşuň. Efir ýaglaryny çykarmak we ysyny iň ýokary derejä ýetirmek üçin olary barmaklaryňyz bilen ýeňil ezip bilersiňiz.
Süýjilik üçin isleýän şiräňizi ulanyp bilersiňiz. Şeýle hem birnäçe laým dilimini goşup bilersiňiz.
Gazly suw guýuň we bir sagatlap sowadyjyda saklaň. Bu içgini has-da täzeleýär.
IÇGINIŇ PEÝDALARY
Lukman Sabina Şafikowa gök önümlerdäki kaliniň ýürek-damar ulgamyny goldaýandygyny we onuň pes kaloriýalylygynyň hyýar içgilerini tomusky iýmit üçin ideal saýlaw edýändigini belleýär.

Show more