Paýtagtymyzda ýerleşýän «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumundaky dürli halklaryň belli ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleri ol ýere aýratyn bezeg berýär. Bu gür bagly seýilgäh paýtagymyzyň gözel ýerine öwrüldi.
Ol ýerde dürli guşlara gabat gelýärsiň. Olaryň arasynda gyşyna üşegenje, ýazyna kendir, tomsuna garlawaç, adaty ikatýok hem bar. Adaty ikatýok ýelekleriniň reňkleriniň meňzeşligi bilen kiçi gyrgyny ýatladýar. Ikatýogyň dünýäde 156 görnüşi hasaba alnandyr. Sesi uzakdan eşdilýän bu guş adamlaryň gözüne seýrek görünýär. Uzak döwletlerden aprel aýynyň soňunda ýurdumyza uçup gelýän bu guşuň horazy çal reňkde bolýar. Horazlarynyň maý aýynda başlanýan «ku-ku» sesleri tomsuň ortalaryna çenli dowam edýär. Alymlaryň aýtmagyna görä, onuň bir gezekde çykarýan «ku-kularynyň» sanynyň 60-a ýetýän wagtlary hem bolýar eken. Ikatýogyň uly ýaşlylary awgust aýynda Afrika ýurtlaryna tarap uçýan bolsa, ýetişen jüýjeleri biraz soňrak ýoluny ýyldyzlaryň ugry bilen dowam edýärler.
Show more