«Kärizgenleriň» Kemeri

MilliInfo

6 sagat öň

Dürli ýyllarda ýurdymyzyň tanymal kinorežissýorlary tarapyndan festiwallaryň ençemesinde abraýly baýraklara mynasyp bolan çeper filmlerde kaddy şemşat, boýny deraz ahalteke bedewlerimize uly orun berildi. Şeýle filmleriň biri-de 1979-njy ýylda halypa artist, kinorežissýor, ýazyjy, dramaturg Baba Annanowyň «Kärizgenler» atly çeper filmidir.

Filmde 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda gurakçylyk sebäpli ýetişen bugdaý hasylyny yrýa etmän, gadymy kärizleri ulanyp, ony halas etmek ugrunda jan aýaman zähmet çeken oba adamlarynyň durmuşy barada gürrüň berilýär. Filmde baş gahryman, kolhoz başlygy Bahargülüň keşbini zehinli artist Gurbangözel Kerimowa janlandyrdy. Ol hemişe diýen ýaly ak atdan düşmän, hasyly halas etmegiň aladasy bilen ýaşaýar. Şu ýerde atyň reňkiniň ak bolmagy eşretli, parahat durmuşda ýaşamagyň arzuwynyň kino dilinde aňladylmasy bolup çykyş edýär. Film kärizleriň saklanyp galan ýerleriniň biri bolan Bäherden etrabynyň Mürçe obasynyň golaýynda surata düşürilýär.

1980-nji ýylda Duşenbe şäherinde geçirilen XIII  Bütinsoýuz kinofestiwalynda filmiň kinorežissýory Baba Annanow «Temany çuňňur açanlygy üçin», filmiň suratkeşi Selim Amangeldiýew we operatory Öwez Welmyradow «Çeperçilik çözgüdi üçin», halypa artist Ata Döwletow «Ynandyryjy keşbi döredenligi üçin» diýen ugurlar boýunýa Diplomlar bilen sylaglanýar. Bu filmde surata düşürilen syratly ak atyň ykbaly hem diýseň gyzykly. Ajaýyp bedew hakynda 1949-2001-nji ýyllar aralygynda Märçe obasynda daýhançylyk eden, ahalteke atlarymyzy ösdürip ýetişdiren seýis Annamyrat Döwletmyradowyň ogly Nejepgulynyň beren gürrüňleri uly täsirleri galdyrdy:

-Kakam Annamyrat Döwletmyradow gamyşgulak bedewlerimize mähir-yhlasyny gaýgyrmadyk atşynas hem seýis hökmünde tanalýardy. «Kärizgenler» filminde surata düşen, meşhur Absenten gaýdýan Kemer atly dor aty agam Çary Döwletmyradow çapardy. Kemer at çapyşyklarda hemişe pellehana öň gelip, obamyzyň buýsnjyna öwrülen ýyndam atdy. Bu film surata düşürilip başlananda, ahalteke bedewleriniň çyn muşdagy, halypa artist we kinorežissýor Baba Annanow kakama ýüz tutdy. Kakam: «Size at gerek bolsa, arkaýyn alyp gidiberiň» diýdi. Şol wagt men on iki ýaşly oglandym. Döwlet Hudaýberdiýew diýen ýaş ýigit Kemeri alyp gitmek üçin gelende, menem ata münüp kino surata düşürilýän ýere bardym. Goňşy çagalar bilen bilelikde filmiň köpçülikleýin sahnalaryna gatnaşdym.

Kakamyň ösdürip ýetişdiren atlarynyň ýene biri atasy Kemer, enesi Laçyn bolan Gunça atly maňlaýy sakar gyrsakdyr. Gunça-da 1986-njy ýylda halypa kinorežissýor Halmämmet Kakabaýewiň rus ýazyjysy Ýuriý Belowyň edebi esasyny ýazan «Gizlin ilçi» atly taryhy filminde surata düşürildi.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info