Karlosony dünýä beren çagalar ýazyjysy

MilliInfo

4 sagat öň

Meşhur şwed çagalar ýazyjysy Astrid Anna Emiliýa Lindgren 1907-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Şwesiýanyň günortasynda ýerleşýän Wimmerbýu şäheriniň golaýyndaky Nes obasynda dünýä inýär. Lindgreniň «Meniň toslamalarym» atly terjimehal oçerklerinde belleýşi ýaly, ol «ýabylaryň we kabrioletleriň» asyrynda ösýär. Çagalykda olaryň maşgalasy arabada kän gezelenç etmeli bolupdyr. Şonuň üçin hem, geljekki ýazyjy tebigat bilen örän ýygy aragatnaşykda ýaşapdyr. Ene-atasynyň birek-birege mähirliligi barada ýazyjynyň «Sewedstorply Samuel Awgust we Hýutly Hanna» atly çagalara bagyşlanmadyk ýeke-täk eserinde gürrüň berilýär. Astridiň çagalygy halk döredijiliginiň eserleriniň gurşawynda geçýär. Kakasyndan, goňşularyndan eşiden gyzykly gürrüňleri soňlugy bilen ýazyjynyň eserlerinde öz beýanyny tapýar. Onuň ýazyjylyk ukyby başlangyç synpda okap ýörkä ýüze çykyp ugraýar.

Çagalygyndan ýazyjy bolup ýetişjegine töweregindäkileri ymykly ynandyrandygyna garamazdan, 1931-nji ýylda durmuşa çykmagy bilen Astrid özüni bütinleý maşgalasyna, öý hojalygyna bagyşlamagy ýüregine düwýär. 1941-nji ýylda Lindgrenleriň maşgalasy penjiresi Stokgolmyň Wasa-parkyna tarap açylýan jaýa göçüp barýar. Ýazyjynyň ilkinji eseri bolan «Uzyn joraply Peppi» eseriniň döremegine gyzy Ketrin sebäp bolýar. 1941-nji ýylda Ketrin öýkenini sowukladyp, uzak wagtlap düşekde ýatýar. Astrid her gije gyzynyň ýanynda oturyp, gyzykly wakalary gürrüň berer ekeni. Bir ýola gyzy ondan ýüzugra oýlap tapan gahrymany - «Uzyn joraply Peppi» baradaky ertekini gürrüň bermegini haýyş edýär. Şeýdip, Astrid Lindgren bitertip gyzjagaz baradaky wakalary oýlap tapyp ugraýar. Ketrin 10 ýaşanda Peppi baradaky gürrüňleri bir ýere jemläp, elde ýasan kitabyny sowgat berýär. Elýazmanyň bir göçürmesini bolsa Stokgolmyň «Bonniýer» neşirýatyna iberýär. Eser neşir edilmese-de, ruhdan düşmedik Astrid çagalar üçin eser döretmek ukybynyň özüne berlendigine ymykly ynanýar. 1944-nji ýylda ol «Raben we Şýogren» atly känbir meşhur bolmadyk neşirýat tarapyndan yglan edilen bäsleşige «Britt-Mari ýüregini dökýär» diýen powesti bilen gatnaşyp, ikinji orna mynasyp bolýar. Şondan bir ýyl soň Lindgrene bu neşirýatyň çagalar edebiýaty bölüminiň redaktory wezipesini hödürleýärler. Ol bu ýerde 1970-nji ýyla çenli, tä hormatly dynç alşa çykýança işleýär.

1969-njy ýylda Stokgolmda bu eser teatr sahnasynda goýulýar. Şondan bäri Karlson atly ýakymly, fantastik gahryman hakdaky gyzykly eser dünýäniň köp ýurtlarynyň sahnalarynda goýlup gelýär. Çagalaryň hemişelik hemrasyna öwrülen Karlsony we başga-da birnäçe ýatda galyjy erteki gahrymanlary dünýä beren Astrid Lindgren 2002-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Stokgolmda dünýäden ötýär.

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info