«Maýkl» filmi — uly sazly tomaşa

MilliInfo

23 sagat öň

Antuan Fukuanyň «Maýkl» filmi — bu pop aýdym-saz sungatynyň simwolyna öwrülen şahsyýetiň gizlin taraplaryny paş etmek baradaky kino däl. Bu film düýbünden başga zat, ýagny saz we döredijilik hakyndadyr.

Film «Bad» döwrüniň (1987–1989-njy ýyllar) başyndaky wakalar bilen tamamlanýar we Maýklyň artist, ogul, dogan, perfeksionist (her bir işde kämillige ymtylýan) hem-de kakasynyň hökmünden sypmaga jan edýän ynsan hökmündäki terjimehalynyň bir bölegi bolmagynda galýar.

«Maýkl» filmini görmek, hakykatdan-da, diýseň ýakymly, käbir pursatlarda hatda fiziki taýdan-da lezzet berýär. Elbetde, bu ruhy derejede (mental derejede) duýulýar. Sazly sahnlar olary seljermek üçin däl-de, eýsem, diňe lezzet almak, sazyň dünýäsine aralaşmak we tanyş owazlara hyýalyňda tans etmek üçin niýetlenip döredilendir.

Bu ýerde ýagdaý ikitaraply. Bir tarapdan, tomaşaçyny ruhlandyrýar, beýleki tarapdan bolsa sizde diňe iň meşhur hitlerden ybarat bolan ajaýyp albomy goýup beren ýaly duýgy döredýär. Filmde Jeksona şahsyýet hökmünde çuňňur seljerme berilmeýär, esasy üns onuň öwüşginli, şol bir wagtyň özünde bolsa agyr durmuşyna gönükdirilýär.

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info