Kauçuk agajynyň watany Indoneziýa, Günorta Amerika we Malaýziýa döwletleri hasaplanylýar. Agajyň gabygynyň ýarylmagyndan ýa-da kesilmeginden emele gelýän süýtli şiräniň akmagy bu onuň örän täsindigini görkezýär. Bu süýtli şirä çig mal ýa-da gaýtadan işlenmedik kauçuk diýilýär. Çig mal ýerli ýaşaýjylar tarapyndan ýörite gaplarda ýygnalýar. Köp ştatda bu agaç kanun esasynda goralýar, şonuň üçin hem, agaçlary kesmäge hiç ýerde rugsat berilmeýär.
Rezin agajyň birnäçe görnüşi bolup, olardan iň meşhurlary ak we gyzyl kauçukdyr. Bu agaç gaty çydamly daragt bolup, ol iň çydamly görnüşleriň biri hasaplanmak bilen, Ýewropada ösýän dub bilen hem bäsleşip bilýär. Daragt gaýtadan işlemekde çydamly we çeýe bolup, munuň agaç däl-de, gudratdygyny aýdyp bileris, sebäbi ondan köp sanly önüm öndürilýär. Muňa mysal hökmünde bellesek, mebeller, dürli heýkeljikler, aşhana gap-gaçlary, surat çarçuwalary, tekerler, ýokary hilli rezin, çaga oýnawaçlary, ellikler, mundan başga-da, birnäçe önümler alynýar.
Kauçuk agajy gaty haýal ösýär, amatly şertlerde her bir nahal bir aýda 4 sm ösüp bilýär. Agaç halkalary görünmeýär, şonuň üçin-de, onuň ýaşyny diňe agajyň beýikligi bilen kesgitläp bolýar. Iň beýik kauçuk agajynyň boýy, takmynan, 25 metre, diametri 0,75 metre ýetýär. Agajyň peýdaly ömri 20 ýyldan gowrak dowam edýär. Gektardan dykyzlygy 375 gr/sm2 bolan agaçlary ösdürip ýetişdireniňde, her gektardan, takmynan, 2500 kg rezin öndürip bolýar.

Show more