Kelemli piroglar

MilliInfo

1 sagat öň

Kelemli piroglar

Kelemli piroglar — ebedi nusgawy önüm. Ejelerimiz we mamalarymyz olary biziň üçin taýýarlaýardylar, indi bolsa biziň wagtymyz geldi. Şeýlelikde, «Mariýa Surowa» kanalynyň awtory bu tagamyň iň gowy düzümini paýlaşdy.

Gerekli önümler: 350 g un, 220 g ýyly suw, 20 g mekgejöwen krahmaly, 15 g şeker, 15 g täze hamyr çiýşiriji, 30 g ukrop, 350 g ýag (gowurmak üçin), duz we burç.

Çuňňur gap alyp, oňa ýyly suw guýuň. Şeker, duz we hamyr çiýşiriji goşuň hem-de 5 minutdan soň garyşdyryň. Uny elekden geçirip, ýag guýuň we mekgejöwen krahmalyny goşuň. Hamyry ýuguryp, top şekiline getiriň, soňra stoluň üstüne öwrüň we ýumşak hem elastik ýagdaýa gelýänçä ýugurmagy dowam etdiriň. Ony mata bilen örtüň we ýyly ýere goýuň.

Şol bir wagtyň özünde hem kelemi inçe dilimlere bölüň we gapagyny ýapman orta otda gysga wagtlap gyzardyň. Sowandan soň ysly otlary goşuň. Sogany inçe dilimlere bölüň we aýratynlykda ýa-da kelem bilen gyzardyň.

Gyzardylanyndan soň bolsa dogralan ukropy gök önümlere goşuň we hemmesini garyşdyryň. Şondan soň ony sowadyň. 45 minutdan soň hamyr çişer, şonuň üçin hem, ony gapdan çykaryň we takmynan 50 gram agramdaky böleklere bölüň. Her bir bölegi top şekiline öwrüň, soňra topy tekizläp, ýumşak çörek şekiline getiriň.

Gowrulan kelemi ortasyna goýuň we pirog şekiline getiriň. Pirogy ösümlik ýagynda ilki bükülen tarapyny aşak goýup gyzardyň (gatlagy azyndan bir santimetr galyňlykda bolmaly) . Soňra taýýar pirogy artykmaç ýagy siňdirmek üçin kagyz matalara goýuň.

Kelemli pirog taýýar, işdäňiz açyk bolsun!

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info