Kepderiler diňe şäher ýaşaýjylaryny gaharlandyrman, eýsem, tomusky öýlere hem işjeň hüjüm edýärler: olaryň iýmitlenmegi üçin köp mümkinçilikler bar. Kepderilerden dynmagyň iň aňsat ýoly guşlaryň gaça durýan ýalpyldawuk zatlaryny asmakdyr. Bular köne CD-ler, folga zolaklary ýa-da kiçi aýnalar bolup biler. Bu kiçi zatlary agaçlaryň arasyndan asyň.
Boş demir bankalardan şakyrdadyp bilersiňiz. Olary halatlara ýakyn asyň – iň kiçijik şemal güýçli ses çykaryp, guşlary gorkuzar.
Hereket edýän howadan ses çykarýan metal turbalaryň ýa-da beýleki zatlaryň toplumy hem kömek eder. Köne garantgany ýatdan çykarmaň – ol henizem işleýär. Ýöne guşlaryň hereketsiz şekile öwrenişýändigini hem unutmaň, şonuň üçin-de, garantganyň ýerleşýän ýerini wagtal-wagtal üýtgediň.
Kepderiler güýçli yslary hem halamaýarlar: burç, gorçisa we beýleki ysly önümler çynlakaý gaharlandyryjylardyr. Şeýle hem ýene bir tehnologiýany — ýyrtyjy guşlaryň seslerini çykarýan enjamlary ulanyp bilersiňiz.
Show more