Bu gün ajaýyp tagamlaryň ýene birini taýýarlamagy teklip edýäris. Düzüm «Улыбнись и Попробуй» kanalynda paýlaşyldy.
Kelemiň ýumşak ýapraklaryny kesmekden başlaň. Soňra bir gaba un guýuň, beýleki gapda bolsa birnäçe ýumurtgany çalyň.
Indi kelemi kesilen tarapyny aşak edip, iki gapdalyny batyryň. Soňra nolsa kelemiň kesilen tarapyny aşak edip, öňünden gyzdyrylan gazana goýuň we bäş minutlap gyzardyň.
Şondan soň gyzardylan halkany kesip, bir gyra goýuň. Gyzardyş işini gaýtalaň we başga bir halkany kesiň. Siz dört gyzardylan tegelek almaly.
Soňra peýniri gyrgyçdan geçiriň we pomidorlary tegeleklere bölüň. Kelem ýapraklaryny, gyzardylan tarapyny aşak edip, ösümlik ýagy bilen gyzardylan gazana goýuň.
Üstüne pomidor we gyrgyjydan geçirilen syry goýuň. Üstüni ýapyp bäş minutlap gyzardyň.
Kelem taýýarlanan tagamymyz taýýar!
Show more