Aýnada özüni tanap bilýän haýwanlar

MilliInfo

1 sagat öň

Haýsy haýwan aýnada özüni tanap bilýär? Geliň, bu sowalyň synaglara esaslanýan jogaby hakynda pikir alşalyň!

I synag. Bu sowala jogap bermek üçin amerikaly psiholog Gordon Gellap şimpanze maýmynyny uky ýagdaýyna getirip, ýüzüne iki we üç reňkli gyzyl tegmil çalypdyr. Soňra ukudan oýanan haýwana aýna hödürläpdir. Maýmyn daşky görnüşiniň üýtgemegi hakda diňe oýlanmak arkaly öwrenip bilerdi. Ol üstünlik gazandy. Haýwan reňklenen ýerlere degip başlapdyr, soňra hapalanan barmaklaryna degip we ysgap, ýüzüniň hapalanan ýerini arassalap başlapdyr. Şeýdip, Gellap bu haýwanyň aýnada özüni tanaýandygyny subut etdi. Şondan bäri alymlar köp haýwanlary şol bir synagdan geçirip görüpdirler. 

Il synag. Gellap maýmyn jübüdiniň ýaşaýan kapasasyna aýna oturtdy we bu täze mebele maýmynlary öwrenişdirmek isledi. Maýmynlar köp wagtlap şol kapasada ýaşasa hem aýnada özlerini tanap bilmediler. Ýöne arassaçylyk işlerini geçip ýören hyzmatkärleriň aýnadaky şekilini tanamagy başardylar. 

III synag. Biolog Çarlz Darwin Londonyň haýwanat bagyna baryp, orangutanlaryň saklanýan kapasasyna göz aýlan wagty üýtgeşik zada gözi düşdi. Ýagny haýwanlaryň bir üýtgeşik stakana seredýändigini we ondan gaýdýan şöhläni öpýändigini gördi. Alymlar bu ýagdaýy olaryň stakanyň ýüzünde özleriniň şekilini görýändikleri bilen baglanyşdyrdylar. 

IV synag. Öldüriji kitler we çüýşe delfinler synagdan geçirildi. Elbetde, maýmynlara garanyňda, az derejede hilegär bolsalar-da, bedendäki yzlary barlamak üçin olar aýnanyň öňüne öwrüldiler. Ýöne olaryň gurluş aýratynlyklary sebäpli, olaryň özüni alyp barşyna düşünmek kyn boldy.

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info