Aýdylmadyk söz aýdylandan has degerli, has gymmat.
Islendik söýgi seniň üçin şu wagta çenli ýaşan dünýäňden tapawutly başga bir dünýäniň açylmagydyr.
Ah, ýaşlyk. Belki, seniň ajaýyplygyň ähli zady etmek mümkinçiligiň barlygynda däl-de, ähli zady edip bilerin diýip pikir edip bilýänligiňdedir.
Tebigat islendik başarnyksyzlygy örän berk jezalandyrýar.
Başgalaryň pikirine bakna adam kämil däldir.
Aýdylana ynanma, edilene ynan.
Söýgi aýdylman, ýaşalýan wagty söýgüdir.
Biz diňe bilýän zadymyzy başaryp bileris. Bilim — bu güýç.
Haçan-da biz haýsydyr bir işi ýerine ýetirip bilmejekdigimizi aýdan badymyza, edil şol pursatdan onuň, hakykatdan hem, ýerine ýetirilmejekdigi anyk mälim bolýar.
Bir akylly adamyň dostlugy, ähli akylsyzlaryň dostlugyndan has gymmatlydyr.
Adamyň garaýşy onuň ruhy güýjüni görkezýär.
Show more