«Disney+» striming hyzmaty kompaniýasy «Piter Pen» ertekisiniň gahrymany Tinker Bell barada täze serial taýýarlaýar.
Bu filmi «Friday Night Lights» serialynyň edebi esasyny ýazan Liz Haldens we Bridžit Karpenter taýýarlaýar. Sýužet hakyndaky anyk maglumatlar heniz habar berilmeýär. Golliwudyň studiýalary Tinker Bell spinoffyny birnäçe gezek aýratynlykda döretmäge synanyşdylar. Şeýlelikde, Riz Wizerspun we Elizabet Benks («Açlyk oýunlary») baş keşpler üçin göz öňünde tutulýar.
Ýara Şahidi iň soňky gezek «Piter Pan we Wendi» (2023) filminde Tinker Belliň obrazyny janlandyrdy. Gahrymanyň täze keşbiniň kasting direktory heniz belli däl. Şu ýerde 2008-nji ýyldan 2015-nji ýyla çenli kino muşdaklaryna hödürlenen Tinker Belliň gatnaşmagyndaky animasiýa filmleriniň tapgyrynyň hem uly meşhurlykdan peýdalanýandygyny bellemek gerek.
Show more