Penjirelerdäki gar ýaly ak bolmadyk tor perdelerini görende ,Islendik öý hojalykçysynyň keýpi gaçýar. Şol aklyga ýetmek üçin bolsa himiki maddalary satyn almagyňyz hökman däl.
Munuň üçin ilki bilen tor perdeleri aýryň we onuň ýygnan tozanyny silkiň. Eger mata sary reňke öwrülen bolsa 5 litr ýyly suw we 30 millilitr bor turşusyndan wanna taýýarlaň.
Perdeleri salyp 3 sagat goýuň. Kislota sary tegmili ýuwaşlyk bilen, ýöne netijeli ýagdaýda ýok edýär, tor perdelerini suwyň aşagynda ýuwuň we guratmak üçin asyň.
Eger mata sary reňke öwrülmese, tersine, çal reňke öwrülýän bolsa başga bir çemeleşme gerek. 5 litr suwda 30 millilitr ammiak we 60 millilitr wodorod peroksidini erediň. Ýarym sagat perdeleri salyp goýuň, soňra ýuwuň. Bu matanyň ýalpyldawuklygyny dikelder.
Mata eýýäm gaty könelen ýaly görünse, iki ädimden ybarat bolan arassalamak prosesini ulanyň: ilki bilen adaty maşynda ýuwuň, soňra gök reňkli erginde gysga wagtlap çümdüriň. 10 litr suwa bir gapak ergin ýeterlikdir. 15 minut çümdürilenden soň, tuty täze, sowuk reňke eýe bolar.

Show more