Saz diňlemegiň peýdasy

MilliInfo

1 sagat öň

Saz diňlemek ynsanyň ruhuny göterýär. Alymlaryň geçiren barlaglarynyň netijesinden soňra, saz diňlemegiň ynsany fiziki we ruhy taýdan  sagdynlaşdyrýandygy ýüze çykaryldy. Saz diňlemek uky bozulmalaryna, nerwi ulgamyna, beden we beýni rahatsyzlygyna oňaýly täsir edýär.

Geçirilen barlaglaryň netijesinde, saz diňlemegiň düwnük keseliniň agyrylaryna gowy täsirini ýetirýänligi anyklandy. Başga bir barlagda bolsa, ýaşy uly, gartaşan adamlarda, beden näsazlygy bolan ynsanlarda saz diňlemek bilen agyrlaryň gowşaýandygyna göz ýetirildi.

Saz diňläp, naharlanan adam artykmaç iýmitlenmeýär we iýýän tagamy has-da lezzetli bolýar. Bedene bolsa az mukdarda kaloriýa barýandygy anyklandy. Eger-de bedeniňiziň agramyny peseltmek isleseňiz, naharlanan pursatlaryňyzda saz diňläp bilersiňiz. Saz diňlemek ukusyzlyga garşy ilkinji ýardamçydyr. Geçirilen barlaglaryň netijesinde, ýatmazdan 45 minut öň nusgawy sazlary diňleýän talyplaryň, sesli kitap diňleýänlerden has rahat ukusyny alyp, ertirlerine işjeň ýagdaýda oýanýandyklary anyklandy.

Saz diňlemek we saz çalmak adamyň nerwi ulgamyny kadalaşdyrýar. Nerwi ulgamynyň işi bozulan ýagdaýynda, saz diňlenilse, adama rahatlyk bermek bilen birlikde, ulgamda döräp biljek dürli keselleriň hem öňüni alar. Ulag dolandyrýan pursatlaryňyzda aýdym diňlemegi däl-de, saz diňlemegi saýlasaňyz, siz seresaply we has ünsli bolarsyňyz. Islendik adam ulagy dolandyran pursatynda, saz diňlese özüne bolan ynamy, ünslüligi artar. 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info