Türkmenleriň aýdym – sazy börňüldäp ýatan akabadyr. Azabyny çekmeseň, ondan saňa agyz suw hem ýetmez.
Sary bagşy.
Saza düşünen adam dünýäde iň bagtly, iň baý ynsandyr.
Nury Halmämmedow.
Sen hakyky sungat adamy bolup bilseň, Hudaý seni öz penasynda aýap saklaýandyr.
Medeniýet Şahberdiewa.
Saz adam duýgusyndan joşup çykýan içki owazlaryň toplumydyr. Ol halkyň, döwrüň gynanjyny-da, begenjini-de çeper beýan edýän gudrat.
Ýolaman Nurymow.
Sazsyz gurak söhbetiň menzili bolmaz.
Durdy Myradow.
Saza ýüregini beren adam diňe gözellige ymtylýandyr. Ol hiç haçan hiç kime daş zyňmaz, gaýta ýüreklere gül eker.
Amanöwez Saparow.
Türkmenlerde iň gowy lezzet bagşynyň gelmegi we onuň Göroglydan ýa-da Magtymgulydan aýdym aýtmagydyr.
Armeniý Wamberi.
Sazyň kömegi bilen diňleýji özündäki täze, ýaşyryn güýji tapýar. Ol durmuşy täze äheňde, täze öwüşginde kabul edip başlaýar.
Dimitriý Şostakowiç.
Türkmen sazy kämilligiň kesgitli bir ýokary basgançagynda duran sungatdyr. Onuň hakyky gymmaty hem şundadyr.
W.A.Uspeniskiý.
Show more