Gopuz — halkymyzyň gadymy saz guraly

MilliInfo

4 sagat öň

Häzirki döwürde ýurdumyzda milli saz sungatymyzyň taryhy, saz gurallarymyzyň özboluşly aýratynlyklary ylmy esasda öwrenilýär. Bu bolsa dünýä medeniýetiniň ösmegine mynasyp goşant goşan halkymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň ähmiýetiniň artýandygynyň we onuň geljek nesillere ýetirilmegi ugrunda ägirt uly işleriň bitirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen halkynyň aýdym-saz sungaty türki dilli halklaryň aýdym-saz sungatynyň aýrylmaz bir şahasy bolup durýar.

Milli saz gurallarymyzyň taryhy we aýratynlyklary, olaryň ulanylýan ýerleri bilen baglanyşykly maglumatlar «Gorkut ata» eserinde has köp duş gelýär. VII — XI asyrlara degişli wakalar beýan edilende, Gorkut atanyň özüniň hem saz sungatyndan oňat baş çykarandygy barada düşünje berilýär. Bellenilşi ýaly, Gorkut ata gopuz saz guralyny ussatlyk bilen çalmagy başarypdyr. Şeýle hem ol öz döwrüniň sungat ussady bolmak bilen, gopuzy dörediji hökmünde ykrar edilýär.

Gopuz edil surnaý, kernaý ýaly örän gadymy gurallaryň biridir. Taryhy maglumatlaryň tassyklamagyna görä, gopuz dünýä halklarynyň arasynda iň köp ýaýran saz guralydyr. Halkymyzyň saz däplerinde gopuz gelin-gyzlarymyza degişli bolsa-da, dürli ýurtlarda mesgen tutan oguz taýpalarynyň sungatynda erkek adamlar tarapyndan hem çalnyp, owazyna goşup tans edilýän saz gural bolupdyr.

Häzir ýurdumyzyň medeni-ruhy gymmatlyklary, milli mirasy, taryhy ýadygärlikleri, halk döredijiligi, dili hem-de edebiýaty, asylly däp-dessurlary, edim-gylymlary düýpli öwrenilýär we halk arasynda giňden wagyz edilýär. Bu bolsa paýhasly pederlerimiziň döreden dünýä nusgalyk milli gymmatlyklarynyň döwrebap derejede ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info