Rowaýata öwrülen türkmen ýazyjysy Atajan Tagan aradan çykdy

MilliInfo

6 sagat öň

Düýn — 21-nji dekabrda taryhy eserleriň ussady, rowaýata öwrülen türkmen ýazyjysy Atajan Tagan aradan çykdy. Biz hakydamyzda ebedi orun alan beýik ýazyjynyň ýatan ýeriniň ýagty, jaýynyň jennet bolmagyny dileýäris.

Ussat ýazyjy Atajan Tagan 1940-njy ýylyň 15-nji maýynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynda daýhan maşgalasynda dünýä inýar. Kakasy Tagan Öwez 1943-nji ýylda Beyik Watançylyk urşunda Orýol şäherinde wepat bolýar. Geljekki ýazyjy Mary şäherindäki 10-njy orta mekdebi tamamlaýar. Okuwynyň arasynda iki ýyl goşun hatarynda gulluk etmek bilen,1967-nji ýylda Moskwanyň Edebiýat institutyny tamamlaýar. Şol ýyl hem Türkmenistan Ýazyjylar guramasy ony Moskwa şäherine SSSR Ýazyjylar birleşigine türkmen edebiýaty boýunça geňeşçi wezipesine işe ýollaýar we bu ýerde ol 1993-nji ýyla çenli — Türkmenistana gaýdyp gelýänçä işleýär.

Atajan Tagan türkmen, rus,bolgar,täjik,gyrgyz dillerinde çap edilen 15-den gowrak kitabyň awtory.Onuň iň gowy powestleri we hekaýalary «Dpujba Napadow», «Ogonýok», «Znamýa», «Oktýabr» ýaly meşhur žurnallarda çap edilýär, hekaýalarynyň birnaçesi (esasan hem, «Uruş haçan gutarýar» hekaýasy) dünýä dilleriniň onlarçasyna terjime edilýär. Hekaýa žanrynyň ussady hökmünde Atajan Taganyň Berlinde, Budapeştde ýörite «Hekaýa agşamy» geçirilýär.

Atajan Taganyň eserleriniň esasynda «Babagambaryň gaýdyp gelmegi», «Takdyr», «Tentek», «Ogul» («Ak maýanyň ýoly») çeper filmleri surata düşürilýär, «Söýginiň haky üçin» («Uruşdan soňky söweş»), «Padymanyň tallary», «Gaýnene» (Gyrgyzystanda hem sahnada goýulýar), «Iň owadan gyz» spektakllary teatrlaryň sahnasynda goýulýar. Onuň «Keseki» («Pereňli ýesiriň ýatlamasy») atly taryhy romany esasynda döredilen spektakl köp ýyllar bäri Aşgabadyň A.S.Puşkin adyndaky Rus döwlet drama teatrynyň sahnasyndan düşmän gelýär.

Ýazyjy Atajan Taganyň döredijiliginde uruş we parahatçylyk temasy köp işlenen temalaryň biri. Onuň «Aýylganç baharyň jybarly güni», «Uruşdan soňky söweş», «Itler gijelerine name üçin çyňsaýar?» atly powestleri uruş bilen baglanşykly wakalardan söz açýar.

Atajan Taganowyň döreden hekaýalarynyň ençemesinde uruşdan içi ýangynly gahrymanlar öňe çykarylýar. «Uruş haçan gutarar?» atly hekaýanyň gahrymany Mamur eje fronta giden ogly Nurjanyň gaýdyp geler arzuwy bilen ýaşaýar. Ol guda bolup goýýar. Urşuň ýatanyna–da ynananok. Sebäbi Nurjan gaýdyp gelenok. Şol sebäpli hem, Mamur eje üçin uruş gutaranok. Ol heniz hem ogluny elinden alan, indi bolsa onuň geljekdigi hakdaky ynamyny hem ýüreginden sogurjak bolup duran ganym uruş bilen ýakalaşyp ýör.

Atajan Taganyň «Sazyň piri Babagambar, ýetiş» atly hekaýasynyň gahrymany Heşdek belli sazanda Teke bagşynyň ogly. Özi hem saz çalmakda ile belli ussat. Ol geçen uruşda saz çalmak ukybyny ýitirip gelýär. Wagtyň geçmegi bilen onuň saglygy kem-kemden dikelip, saz çalmak ukybyny hem gaýtadan eýe bolýar.

Atajan Taganyň «Serwi gelin» atly kitabynda öz beýanyny tapan taryhy we dürli temadaky powestdir hekaýalara hem aýratyn ünsi çekmek gerek. Bu ýygynda Atajan Taganyň okyjylara öňden belli bolan «Keseki» romany, «Ogul», « Uruş haçan gutarýar?» powestleri bilen birlikde, ýazyjynyň soňky ýyllarda döreden «Sallançak mukamy», « Serwi gelin» ýaly powestleri girizilýar.

Ýazyjy Atajan Tagan XlX asyryň türkmen durmuşyny, şol döwürde Watany goramak üçin bolan uly söweşleri suratlandyrýan eserleriň ençemesiniň awtory. Onuň «Pereňli ýesiriň ýatlamalary» powesti, «Saragt galasy», «Keseki», «Taryhyň kelamy» romanlary 1855-nji, 1861-nji ýyllarda bolan uly söweşlere bagyşlanýar. Şonuň üçin hem, bu eserlerde şol bir taryhy gahrymanlaryň hereket edýändigi tebigy ýagdaýdyr.

Atajan Taganyň «Taryhyň kelamy» romanynda türkmen taryhynyň iň kynçylykly döwri bolan XlX asyryň wakalary çeper beýan edilýär. Eserde türkmen halkynyň ýazylyp-ýaýrap ýaşamaga mümkinçiligi bolman, göçüp-gonup ýaşan zamanasynda olaryň erkinlik, garaşsyz döwlet bolmak ugrunda alyp baran göreşleriniň bir pursady öz beýanyny tapýar.

Halypa ýazyjy Atajan Taganyň türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyran taryhy eserleri okyjylaryň uly söýgüsini gazandy. Ol halkymyzyň taryhyny öwrenmekde möhüm çeşmeleriň biri bolup, ösüp gelýän ýaş nesli watansöýjülik ruhunda terbiýelemekde milli aýratynlyklarymyza esaslanan ussat ýazyjydyr.

Halypa ýazyjynyň türkmen edebiýatynda döreden ajaýyp keşpleri ýüreklerde baky ýaşar!

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info