Türkmen toýy: milli ýörelgeler we döwrebap medeniýet

MilliInfo

20 Noýabr, 2025

Türkmen toýlary ähli döwürlerde hem özüniň şowhuny we dag aşýan dabarasy bilen tapawutlanypdyr. Durmuş toýuny türkmen halkynyň ýaşaýşynda iň bir möhüm dabara hökmünde häsiýetlendirsek hem ýalňyş bolmaz. Oňa her bir maşgala agzasy aýlap, ýyllap garaşýar, yhlasyny we zähmetini siňdirýär.

Aslynda, türkmen toý tutmakda milli däplere diýseň çuň eýerýändigi bilen, milli ýörelgelerine ygrarlylygyny dünýä ýüzüne subut eden halk. Toý däpleri bolsa şeýle ýörelgeleriň esasyny düzmek bilen, dini garaýyşlary-da, gadymy ynanç-ygtykatlary hem özüne jemläpdir. Wagtyň geçmegi bilen gadymy däp-dessurlar ornuny täze, häzirki zaman däplerine beripdir. Bu babatda köne dessurlar täze ýörelgeler bilen sazlaşyp, özboluşly türkmen toýlaryny döretdi.

Häzirki wagtda türkmen toýy ýylyň islendik möwsüminde, dürli wagtda tutulýar. Ýaşuly nesliň wekilleri toýlary milli Ýyldyz senenamasyna salgylanyp, belli bir kesgitlenen senelerde tutar ekenler. Maşgala toý däplerinde ata-enelere diýseň kän zat bagly bolupdyr. Muňa garamazdan, ata-eneler gudaçylygyň başyny başlap, ýa bolmasa-da, edep-ekramly maşgalany öz perzentlerine teklip edip bilerler, toýuň tutulmagy bolsa ýaşlaryň ylalaşygyna baglydyr.

Biziň günlerimize çenli toý däplerinden saklanyp galan adatlaryň biri hem «Atgulak» bolup, ol toý gününiň öňüsyrasynda guralýar we bu däbe laýyklykda, öýlenýän oglanyň ejesi gyzyň ýakyn garyndaşlaryna sowgat gowşurýar. Şonda sowgat hökmünde matalar, süýjülikler, ýaglyklar, halylar we ş.m. gymmatlyklar berilýär. Toý däbine görä, sowgat alýan tarap hem öz gezeginde oglan tarapa deň derejeli sowgat bilen jogap gaýtarmalydyr.

Gyz boýdan-başa bezenensoň, maşgalasy, ene-atasy bilen hoşlaşýar, soňra gelinligi kaşaň bezelen awtoulagda gelinalyjylap ýigidiň ojagyna alyp gidýärler. Gelinalyjy ulagy bezemegem toýuň özbaşyna bir däbi bolup, gadymyýetden bäri dowam edip gelýär. Ozallar gelinalyjy kejebeler bolup, onda düýäni owadan matalar we reňkli ýüp bölekleri bilen bezäpdirler. Biziň günlerimizde bolsa gelinalyjy hökmünde ajaýyp ulag saýlanyp alynýar-da, onuň üsti gyzyldyr zerewşan reňkli matalar, şaý bezegleri bilen bezelýär.

Gelinalyjy gyz ýerine gelen badyna gelni satyn alýan ýaly görnüşde özboluşly oýun şekilli däp ýerine ýetirilýär. Gudalar gyzy bermejek bolýarlar, oglanyň dostlary bolsa gelni alyp gitmekleri üçin pul berýärler.

Gelinalyjyda şähere aýlanmak we gözel ýerlere baryp surata düşmegem XX asyryň ikinji ýarymynda dörän täzeçil toý däbi bolup durýar.

Gelinalyjy oglan ýerine gelensoň toý jäjekleri, süýjülikler seçilýär, bu bolsa täze maşgalada bäbejigiň peýda bolmagy, ýaşlaryň durmuşynyň şol süýjülikler ýaly süýji bolmagyny alamatlandyrýar. Täze gelniň ýüzüniň açylyp görülmegem saklanyp galan däplerdendir.

Onda oglanyň ene-atasy täze gelniň ýüzüni kürte astyndan görüp bilýär, munuň üçin bolsa gelne gaýyn enesidir gaýyn atasy özboluşly serpaý edýär.

Ýene-de bir asylly toý däp gelin getirileninden soň, ony bir otaga ýerleşdirip, eline-de öýdäkileriň ýa-da garyndaşlaryň biriniň bäbejiginiňdir kiçi ýaşly çagajygyň berilmegi bilen baglydyr. Bu bolsa täze maşgalada basym çaganyň dünýä inmegini arzuwlap edilýän däp hasaplanýar.

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo