Unaş türkmen halkynyň naýbaşy milli tagamlarynyň biri hasaplanylýar. Şonuň üçin-de, unaşa halkymyzda begler aşy hem diýilýär. Munuň, hakykatdan hem, şeýledigine halk hazynasynda öz mynasyp ornuny tapan şu aýtgylar hem şaýatlyk edýär:
Unaş — begler aşy.
Belke onuň gardaşy.
Mährem enelerimiziň hem mamalarymyzyň elleri bilen kesip taýýarlan unaşynyň lezzeti-de, tagamy-da üýtgeşik. Işden ýadap gelen wagtymyz ýa-da nähoşlasak daşymyzdada perwana bolýan enelerimiz dessine elýeterinde duran kendirige ýapyşyp:
«Häzir derrewjek hamyr ýugrup, unaş kesip, içine-de burçuny, noýbasyny atyp, süzme çalyny garyp bererin! Içersiň welin, deriňi süpürip ýetişip bilseň bolany, nähoşlugyňdan nam-nyşan galmaz, balam!»
— diýip, taýýarlan unaşynyň tagamy ýaşymyz ýetmişiň gyrasyndan gädip ugransoň hem agzymyzdan gidenok. Onuň ýeri hem üýtgeşik, lezzetem, şypa berijiligem. Şonuň üçin-de, tenekar hem melhem tagam bolan unaş her bir türkmen maşgalasynda diýseň eý görülýär. Unaşy hemmelerem eý görýändir welin, ol barada ähmiýetli setirleri ýatlamak has-da ýakymly bolar:
Bäri bakan hassany,
Jüýjeli unaş düzeder
— diýlişi ýaly, unaş köp derdiň dermany hasaplanýar.
«Bereketli türkmen saçagy» atly ajaýyp kitapda hem unaş hakynda birnäçe peýdaly pelsepeler bar. Şeýlelikde, bu peýdaly maslahatlardan ugur alyp, milli tagamlarymyzy, aşpezlik däp-dessurlarymyzy ösdürmek, ýurdumyzyň welaýatlarynda tagamlary taýýarlamagyň aýratynlyklaryny açyp görkezmek we olaryň häzirki zaman dünýäsi üçin elýeterli bolmagyny üpjün etmek döwrümiziň möhüm wezipeleriniň biridir.
Show more