Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi bolan Arkadag şäherinde gurlan desgalara taryhy şahsyýetlerimiziň atlarynyň dakylmagy ömrüni Watanyna, halkyna hyzmat etmäge bagyşlan şahsyýetleriň nesiller tarapyndan hatyralanýandygyny görkezýär. Şol şahsyýetleriň arasynda birnäçe döwlet sylaglarynyň eýesi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Saçly Dursunowanyň hem bolmagy sarpasynyň belent tutulýandygyny tassyklaýar. Lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine onuň adynyň dakylmagy bütin halkymyzy buýsandyrdy.
Saçly Dursunowa 1918-nji ýylda dünýä inip, çagalygyndan ýetim galýar. 1925-nji ýylda ýaňy ýedi ýaşyny dolduran Saçly özünden bir ýaş uly gyz dogany Çeperi bir ýaş ýigit Aşgabadyň şol wagtky Çagalar öýüne alyp gelýär. Büzmeýinde bu ýetim galan çagalara hossarlyk edip, olary Çagalar öýüne getiren ýaş ýigit soň-soňlar meşhur ýazyjy bolup ýetişen Ata Gowşudow eken. Kakalarynyň atlaryny bilmändikleri üçin gyzjagazlara ejeleriniň ady bilen «Çeper Dursun gyzy» we «Saçly Dursun gyzy» diýip resminamalar doldurylýar.
1936-njy ýylda Saçly şol wagtky Türkmen döwlet lukmançylyk institutyna girýär. Onuň soňky gutardyş synaglary galanda nägehan uruş başlanýar, okuwyny tamamlan ýyly bolsa Garrygala (häzirki Magtymguly) şäherçesine işe ugradylýar. Emma uruşdaky ýaralylara ýardam etmek maksady bilen, ol fronta gitmeli diýen netijä gelýär.
1942-nji ýylyň aprel aýynda Saçly Dursunowa Stalingradyň eteginde söweş alyp barýan 62-nji atyjylyk diwiziýasynyň 534-nji lukmançylyk sanitar batalýonynda ordinator-lukman bolup harby gulluga başlaýar. Ol bütin urşuň dowamynda Krymyň, Belarusyň, Pribaltika ýurtlarynyň, Gündogar Prussiýanyň çäklerinde bolan söweş hereketleriniň janly şaýady bolýar, şol ýerlerde ýaraly esgerlere hem ruhy tarapdan, hem lukmançylyk taýdan yzygiderli ýardam edýär. Şeýdibem, ýeňşiň gazanylmagyna özüniň uly goşandyny goşýar. Görkezen edermenlikleri üçin gahryman zenan «Lenin», «Gyzyl ýyldyz», «Hormat nyşany» ordenleri, «Edermenligi üçin», «Söweşjeň hyzmatlary üçin», «Stalingradyň azat edilendigi üçin», «Kýonigsbergiň eýelenendigi üçin», «Germaniýanyň üstünden gazanylan ýeňiş üçin» medallary bilen sylaglanýar.
Ol 1946-njy ýylyň sentýabrynda frontdan dolanyp gelýär we belli artist Muhammet Çerkezow bilen durmuş gurýar.
Aslynda, Saçly Dursunowa durmuşda-da, köplenç, gamgyn halda gezýän eken. Munuň sebäbini soranlarynda, ol: «Gulagyma owaz gelýär. Bu owaz howada bar. Ol ýaraly esgerleriň agyrydan jebir çekýän iňňildileriniň uruş döwründen galan yzaly owazy» diýip jogap berer eken.
Hakykatdan-da, şol agyr ýyllaryň owazyny kalby bilen syzyp, ýüregini gyýan hem-de 56 ýaşyna çenli şeýle yza bilen ýaşan gahryman zenanyň özi aramyzdan gitse-de, onuň uruşda bitiren hyzmatlary hakdaky gürrüňler heniz-henizlerem dillerden düşenok.
Lukmançylyk gullugynyň kapitany Saçly Dursunowa XX asyryň ortalarynda Merkezi Aziýada ýaýran içki peşehorda we deri leýşmaniozy ady bilen belli bolan, çybynyň çakmagy arkaly adamdan adama ýokuşýan ýokanç kesele garşy göreşmekde goşan saldamly ylmy goşandy hem-de Aşgabadyň Epidemiologiýa we gigiýena institutynda alyp baran ylmy işleriniň netijeleri üçin 1955-nji ýylda lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, 1972-nji ýylda bolsa lukmançylyk ylymlarynyň doktory diýen alymlyk derejeleri berilýär. Saçly Dursunowa saglygy goraýyş ulgamynda bitiren hyzmatlary üçin «Türkmenistanyň at gazanan lukmany» diýen hormatly ada mynasyp bolýar.
Şunlukda, bu gün Arkadag şäherinde gurlan lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi türkmen lukmanynyň adyny uly buýsanç bilen göterýär.