Gadym döwürde bir ýetim gyz bolupdyr. Onuň ene-atasy gyzjagazyň gulpajygyny tasadyp ýören ýyllary aradan çykypdyr. Gyzjagazy çagalygyndan obada tanalýan danyşment bir ýaşuly ekläp-saklapdyr. Bu ýaşuly örän kitaphon, parasatly adam bolupdyr.
Onuň kitaplary köp bolup, olar şol döwrüň dünýä meşhur kitaplary eken. Gyzjagaz hem çagalygynda şol gyzykly kitaplar dünýäsine aralaşyp, olary ürç edip okapdyr. Şunlukda, ol zehinli, bilimli, edepli, paýhasly gyz bolup ýetişýär. Ol diňe kitap okamak bilen çäklenmän, el hünärine hem ýaşlykdan imrinýär we gelin-gyzlaryň el işlerini öwrenýär. Gyz obada owadanlygy bilen hem ile tanalypdyr. Günlerde bir gün ol güzere suw almaga gidýär. Şol güzeriň boýunda dor atly bir ýigit sahypjemal gyza aşyk bolýar. Şol ýigit gyzyň ýaşaýan ýurdunyň patyşasynyň ýekeje ogly eken. Bu wakadan soň, oglan kakasyna gyz hakynda gürrüň berýär we ony gowy görüp galandygyny aýtýar. Patyşa ýekeje ogluny bendi eden gözel gyzy görmek isleýär. Patyşa gyzy görüp, ondan göwni hoşal bolýar. Şeýlelikde, pespäl gyz şa gelni bolýar. Gyz ýigidiň öýüne baran gününden maşgalanyň agzybirligini gazanýar. Şazada hem öz gezeginde köşkde ýüze çykýan käbir meseleleri kitaphon gelni bilen maslahatlaşypdyr. Sebäbi köşkde ýüze çykýan birnäçe meseleler akylly şa gelniniň çözgüdine mätäç bolupdyr.
Günleriň birinde ýurduň patyşasy agyr keselläp, aradan çykypdyr. Şeýlelikde, onuň ogly şa tagtyna çykýar. Ogul kakasynyň yzyndan döwleti dolandyrýar we onuň ýokary derejelere ýetmegini gazanýar. Wagt geçýär, günleriň birinde şa ýörişe gidýär. Şol wagt gelniň agzy bimaza eken.
Şa gelnine: «Men gelýänçäm ýurdy dolandyrarsyň» — diýip, perman berip gidýär. Ýöne ol ýörişden dolanyp gelmeýär. Şa dereksiz ýiten hasap edilýär. Gelin umydygär gözleri bilen şanyň ýoluna garaýar. Ol ýurdy dolandyran ýyllarynda ilatyny hiç zada zar etmeýär.
Aýlar geçip, şa zenanyň ogly bolýar we onuň adyna patyşanyň adyny dakýar. Oglanjyk bäş ýaşyna ýetýär.
Günleriň birinde bu ýurda bir derwüş gelýär. Derwüş köşge girjek bolanda, ony goýbermeýärler. Şeýlelikde, ol adyny aýdyp, patyşa habar bermeklerini haýyş edýär. Derwüş köşge girýär we ýurduň şa zenanyny görüp haýran galýar hem-de gelniniň öz yzyny kemsiz saklandygyna buýsanýar. Patyşa-derwüş şu ýerde maşgalada zenanyň ornunyň näderejede beýikdigine, wepasynyň bolsa ebedidigine haýran galýar.
Show more