Durmuşyň häzirki zaman depgini bizi köplenç ýadaw ýagdaýa getirýär. Bu köne keşbimizde şöhlelenýär. Hakykatda welin, özüne ideg etmek çylşyrymly däp-dessurlary ýa-da köp wagt talap etmeýär. Stilist Olga Paşuk munuň üçin esasy gözellik endikleriniň dördüsini ösdürmek ýeterlikdigini belleýär.
35 ýaşdan soň deri çyglylygyny duýulýan derejede ýitirip başlaýar. Ilkinji göze ilýän pigmentasiýa peýda bolýar we ýüzleriň çyzyklary ýitip başlaýar. Şonuň üçin hem, deri idegini yza tesdirmezlik möhümdir. Ony dogry arassalamak gerek: makiýažy aýyrmak, çyglandyrmak we iýmitlendirmek zerurdyr.
Kremler we witaminlere baý deri ideg önümleri onuň sagdyn şöhle saçmagy üçin gowy nusgalardyr. Gün kremini sürtmegi ýatdan çykarmaň.
Elleriňiziň derisi hem ýaşyňyzy görkezip biler. Çyglandyryjy krem sürtmekden başga-da, öýde derä ideg etmek usullaryny ulanyp bilersiňiz. Mysal üçin, parafin wannalaryny kabul ediň. Öýüňizi arassalaýan wagtyňyz rezin ellikleri geýiň. Daşarda bolanyňyzda ýyly ellik geýmegi ýatdan çykarmaň.
Dyrnaklaryňyz sagdyn we çykyp duran gyrmançalardan azat bolmaly. Yzygiderli lak sürtmekden gaça duruň; olara ýumşadyjy we iýmitlendiriji ýaglar bilen ideg edip bilersiňiz. Bu dyrnaklaryňyzyň sagdyn görünmegine sebäp bolar.
Gaşlar hem ýaşyňyzy görkezip biler. Gaş boýunça bilermeniň beren interwýusynda häzirki gözellik senagatynyň tebigylyga üns berýändigi beýan edilýär. Mundan başga-da, inçe zolaklary ýolmakdan gaça duruň, gaşlaryňyzyň tebigy görnüşini inçe şekillendirmek bilen saklaň.
Show more