Žurnalistika hakynda kelam agyz: žurnalist adalgasynyň gelip çykyşy

MilliInfo

9 sagat öň

Biz žurnalist kärini iň gyzykly hünärleriň biri hasaplaýarys. Dünýäniň ähli möhüm wakalaryndan habardar bolmak, haýsydyr bir meseläni orta atmak, adamlara ýardam bermek — bularyň ählisi žurnalistleriň işiniň aýratynlygydyr. Žurnalistleriň hünäri, köplenç, özüniň ilkinjileriň hatarynda şaýat bolýan gyzykly we garaşylmadyk duşuşyklary we syýahatlary bilen baglanyşyklydyr.
Žurnalist öňde goýan maksadyna okgunly, tutanýerli, şol bir wagtyň özünde hem ýeňil gürleşip bilýän, diýseň ünsli hünärmen diýmekdir. Ökde žurnalist öz güýjüni, zehinini, wagtyny jemgyýetde bolup geçýän möhüm wakalary öwrenmäge gönükdirýär.
Žurnalistika — döredijilik gözlegleriniň romantikasy. Žurnalist adalgasy «Journal» diýen fransuz sözünden bolup, «Gündelik» ýa-da «Žurnal» diýen manyny berýär. XV asyrda Germaniýada I.Gutenbergiň çap enjamyny oýlap tapmagy bilen, şeýle adalga peýda bolýar. Russiýada Pýotr I döwründe — 1703-nji ýylda «Wedomosti» gazeti neşir edilip başlanýar.
Žurnalist adalgasy biziň sebitlerimizde ilkinji gezek XIX asyryň ortalarynda peýda bolup, giňden ulanylyp başlanýar. Şol döwürlerde žurnalistikanyň ýüze çykmagy üçin jemgyýetiň medeniýetiniň belli bir derejesi, ozaly bilen bolsa, ilatyň sowatly bolmagy zerur bolupdyr. 

 

Teswirler

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info