Abu Aly al-Hüseýin ibn Abdulla ibn al-Hasan ibn Aly ibn Sina Merkezi Aziýadan bolan beýik alym we ensiklopediýaçydyr. Ol 980-nji ýylyň 16-njy awgustynda Buharanyň ýakynynda ýerleşýän uly bolmadyk Afşana obasynda (ÖzbegistanRespublikasynyň häzirki Buhara welaýaty) eneden dogulýar.
Häzirki Afşana obasy irki orta asyrlarda türkmen taýpasy afşarlaryň döreden şäheridir (afşarlar häzirki wagtda Eýranda, Türkiýede ýaşaýarlar). Akyldaryň ady Ýewropada Awnsina (Авиценна, Avicenna) ady bilen ýoýulýar.
Beýik akyldar 15 ýaşynda Gresiýanyň, Rimiň, Müsüriň, Hindistanyň we beýleki ýurtlaryň beýikleri hökmünde ykrar edilen şahsyýetleriniň lukmançylyk boýunça nusgawy işlerini öwrenmäge başlaýar. Emma ol diňe bir nazary lukmançylyk bilen meşgullanmaýar we köp gezek amaly tejribe lukmançylygyna degişli bolan işleri hem geçirýär.
Abu Aly ibn Sina 17 ýaşyna ýetende Gündogaryň ýene-de bir beýik akyldary Abu Reýhan al-Biruny bilen tanyş bolýar. 999-njy ýylda Buhara şäheri garahanlylar tarapyndan basylyp alynýar. Şonuň üçin hem, beýik akyldar 1005-nji ýylda Buhara şäherini terk etmeli bolýar we şol ýerden gadymy Horezmiň paýtagty bolan Gürgenç şäherine gelýär. Bu ýerde şol wagtlar öz döwrüniň has tanymal (meşhur) alymlary ýaşapdyrlar.
Öz döwrüniň tanymal filosoflary we lukmanlary bilen tanyş bolmak ibn Sinanyň çalt gülläp ösmegine we kämilleşmegine täsir edýär. Beýik akyldar ömrüniň ahyrky ýyllarynda syýahatda bolan wagtynda aşgazan keseline duçar bolýar. Beýik mugallym, danalaryň danasy Gündogaryň iň beýik ýyldyzy Abu Aly Ibn Sina 1037-nji ýylyň 18-nji iýunynda aradan çykýar.
Show more