Ýer ýüzünde jaýlary asman bilen birleşýän bulutlara çalym edýän, dar köçeleri hem-de aýlawly basgançakly ýodajyklary gök reňkli deňiz tolkunlaryny ýadyňa salýan gözellik, hakykatdan hem, bar. Ol şäher Marokkada ýerleşýär.
Marokkanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän bu şäher Şefşauen diýlip atlandyrylýar. Bu uly bolmadyk ajaýyp şäher köp wagtdan bäri syýahatçylaryň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar. Şefşaueniň baý taryhy, ajaýyp tebigaty we özboluşly gadymy arhitekturasy ençeme syýahatçylary özüne çekýär. Şäheriň ähli künjeginiň diýen ýaly gök reňkde bolmagy has-da täsirlidir. Gök reňkli eňňitleriň goýnunda gök reňkli basgançaklar bilen örtülen köçeler, gök reňkli ajaýyp jaýlar, şäher ilatynyň ajaýyp hem özboluşly lybaslary üýtgeşik sungat eserine çalym edýär. Şäher 1471-nji ýylda esaslandyrylypdyr. Şäheriň gök reňkde bolmagy, ilkibaşda bu ýerde ýaşan ilatyň bu reňki mukaddes hasaplandygy bilen baglydyr. Olar binalary hem gök reňkde salypdyrlar. Şondan bäri bu däbe hormat goýlup, ol dowam etdirilýär. Şefşauen sözi «Chefchaouen» diýen sözden gelip, ol «şahlara seretmek» manysyny berýär. Has takygy, bu ýerde şaha çalym edýän iki sany dag gerşi bolup, şunuň bilen baglylykda, şäher şeýle atlandyrylypdyr. Häzirki wagtda ol ýurduň iň bir gözel şäherleriniň biri hasaplanylýar. Şäher ilaty ispan dilinde gürleýär. Şeýle-de şäher özüniň geçiniň süýdünden taýýarlanýan peýniri bilen hem meşhurdyr.
Show more