Hamal: Çykdajylaryňyzy gözden geçirip, mümkin bolan syzmalary anyklaň. Birden edilip bilinjek çykdajylardan gaça durmak we býujetiňizi gözegçilikde saklamak iň gowusydyr. Amatly döwürler hepdäň başyny we ahyryny öz içine alýar.
Sowur: Bu uzak möhletli strategiýalary seljermek we gepleşikler geçirmek üçin amatly wagt. Şeýle-de bolsa, ähli zady gowulandyrmaga synanyşmak ters netije berip biler. Başga adamlaryň borçlaryny we bergilerini öz üstüňize almakdan gaça duruň. Amatly günlere 1-nji maý girýär.
Jowza: Deňeşdirme boýunça asuda hepde, ýöne seresap bolmak zerurdyr. Aňsat pul şeýle ýeňil harçlanar, şonuň üçin hem, öz-özünden uly satyn alyşlardan gaça durmak iň gowusydyr. Amatsyz günlere 28-nji we 30-njy aprel, şeýle hem 1-nji maý girýär.
Seretan: Dostlara we howandarlara bil baglamak garaşylmadyk ýagdaýlarda size kömek eder. Täze gatnaşyklar mümkin, ýöne hasaplamalaryňyzda seresap bolmak möhümdir. Amatly günlere 27-nji aprel we 2-nji maý girýär.
Eset: Karýeraňyzda esasy üns berýän zadyňyz we girdejiňiz durnuklydyr. Maliýe üstünligine bolan umytlaryň ählisiniň hasyl bolmagy mümkin däl. Şonuň üçin hem, töwekgelçilik etmekden gaça duruň! Amatsyz gün — 30-njy aprel.
Sünbüle: Ösüş we pul gazanmak islegini duýarsyňyz, ýöne işlere howlukmaň. Karzlar üçin amatly şertleri üpjün edip bilmegiňiz mümkin däl: bu pikirden ýüz öwürmek iň gowusydyr. Amatly günler 27-nji aprel we 2-nji maý aralygy.
Mizan: Hukuk we maliýe resminamalaryny dolduranyňyzda aýratyn seresap boluň! Ýakynlaryňyzy goldaýan wagtyňyz açgözlük etmezlik iň gowusydyr, ýöne pul hem sowmaň. Amatly gün — 1-nji maý.
Akrap: Topar taslamalary möhümdir. Meýilnama eýermek we birdenkä ondan çykmazlyk iň gowusydyr. Amatsyz gün — 29-njy aprel.
Kowus: Sylag garaşyp dur, ukyplaryňyzy görkezmek üçin amtly wagt. Maliýe ýagdaýyňyz gowulaşyp biler we sowgat ýa-da goldaw alyp bilersiňiz. Amatsyz gün — 28-nji aprel.
Jedi: Garaşylmadyk kiçi çykdajylar hepdesi, şonuň üçin hem, meýilleşdirilen uly satyn alyşlar üçin ýeterlik serişdäňiziň bolmazlygy mümkin. Şeýlelikde, ähli tygşytlaýyş mümkinçiliklerini göz öňünde tutmak peýdalydyr. Amatsyz gün — 2-nji maý.
Daluw: Gurluşyk we gozgalmaýan emläk babatda girdejili geleşikleriň bolmagy mümkin. Işde we biznesde başlangyç görkezmek möhümdir. Amatly gün — 3-nji maý.
Hut: Täze maliýe maglumatlaryny öwrenmek we özleşdirmek üçin amatly wagt. Çykdajylar we girdeji deňagramly, ýöne öý hojalyklarynyň köp kiçi çykdajylarynyň bolmagyna garaşylýar. Amatly gün — 29-njy aprel.
Show more