Söz manysyn aňar bolsaň...

MilliInfo

2 sagat öň

Halk arasynda «Hydyr diýenim hyrs çykdy» diýen aýtgy bar. Bu jümledäki Hydyryň, ýagny Hydyr atanyň kimdigini hemmämiz bilýändiris. Rowaýata görä, Hydyr zulmata gidip, dirilik suwundan içip, hemişe ýaşap ýören pygamber. Ol çölde suwsuz galanlara, azaşanlara ýa-da başga bir heläkçilige duçar bolanlara kömege ýetişýärmiş. Hydyr ýaşaýşyň, diriligiň we halasgärligiň alamaty hasaplanýar. Käbir rowaýatlara görä, Hydyr ata rysgalyň açylmagyna, şowsuzlyklardan gutulmaga hem ýardam edýär. Gadyr gijesinde bolsa Hydyr ata öýlere aýlanyp rysgal paýlarmyş.

Ýöne biziň esasy gyzyklanýan sözümiz aýgytdaky hyrs sözi. Hyrs sözüniň aýy manysynyň bardygy köpimize mälimdir. Hydyr ata bilen aýynyň biri-birine garşy goýulmagy welin ikirjiňlendirýär. Näme üçindir Hydyr ata ýaly gorüp ýören adamyň ala-böle aýy bolup çykmaly. Halk döredijiliginde mekir, hilegär adamlar tilkidir şagalyň, ejize ganym bolup ýörenler möjek ýaly ýyrtyjylaryň allegoriki keşbiniň üsti bilen berilýär. Halk döredijilik eserlerinde aýy känbir gabat gelmeýär. Bolaýanda-da, onuň keşbi erbet häsiýetli jandar hökmünde görkezilmeýär.

Bu aýgytdaky hyrs sözüniň aýy manysy, onuň-da Hydyr ata garşy goýulmagy pikir yzygiderligini saklamaýar. Türkmen nusgawy edebiýatyndaky sözleri seljerip görseň, «hirs» diýen söze hem gabat gelýärsiň. Sözlükde bu söze nebsewürlik, betnebislik, husytlyk, gysgançlyk ýaly düşündiriş berlipdir. «Türkmen diliniň gadymy sözlüginde» bu söze «hyrs – açgözlük, kanagytsyzlyk» ýaly düşündiriş berilýär. Şeýlelikde, ýokardaky aýtgyndan şeýle netijäni çykarmaly bolar: keramatly Hydyr ata ýaly gorüp ýören adamym betnebis, husyt, açgöz bolup çykdy. Hyrs sözüne şeýle düşindiriş berilse, ondaky pikir yzygiderlilik özüniň hakyky manysyna eýe bolýar.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info