Kremli towuk çorbasy

MilliInfo

22 Oktýabr, 2025

Gaýmakly towuk çorbasy tagamly we bişirmesi ýeňil. Çorba islegiňize görä, käşir, brokoli (ýaşyl kelem görnüşindäki önüm), sogan, tüwi, lawr ýapragy ýaly önümleri goşup bilersiňiz.

Kremli towuk çorbasyny taýýarlamak üçin gerekli önümler

  • 1 towuk döşi

  • 6 bulgur suw

  • 2 nahar çemçesi mesge

  • 1 çaý çemçesi un

  • 200 ml gaýmak

  • duz

  • gara burç

 

Taýýarlanylyşy / bişirlişi

  • Towugy gowy edip ýuwmaly we gazana suw guyup 20miniut orta derejedäki otda gaýnatmaly. Towuk ýumşamaly. Tagamyň çorbasy dury bolar ýaly gazanyň ýüzüne çykýan köpürjikleri aýurmaly.

  • Bişen towugy çykarmaly we derisini hem-de süňküni aýyrmaly. Etini elimiz bilen kiçi bölek görnüşinde dogramaly.

  • Aýry bir gazanda mesgäni eretmeli. Köpürjiklän ýaga un goşup biraz gyzarýança pes otda gowurmaly.

  • Gyzgyn towuk suwuny süzüp, az-azdan goşmaly we garmaly.

  • Duz hem-de burç goşmaly. Gaýmak we towuk etini goşmaly. Pes otda 15 minut bişirmeli. Gaýmak goşanymyzdan soň hökman pes otda bişirmelidir.

  • Taýyn bolan kremli towuk çorbasyny nahar gaplaryna guýmaly. Üstüne dogralan petruşka sepmeli.

Işdäňiz açyk bolsun!

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo