«Men gaýdyp gelerin»

MilliInfo

6 Ýanwar, 2026

1935-nji ýyla çenli Aşgabat kinostudiýasynda birnäçe çeper filmler surata düşürilse-de, olar çeperçilik taýdan pesräkdi. Şol ýyl şahyr Oraz Täçnazarowň «Batrak» poemasy esasynda surata düşürilen «Men gaýdyp gelerin» atly çeper film türkmen kinosynyň ilkinji şowly ädimi hökmünde ykrar edilýär. Oraz Täçnazarow şol mahal Türkmenistanyň Ýazyjylar soýuzynyň  başlygy wezipesinde işleýärdi. Kinonyň edebi esasy Aleksandr Ledaşew we Ýewgeniý Şatunowskiý tarapyndan ýazylyp, filme Aleksandr Ledaşewiň özi režissýorlyk edýär.

Filmiň aýdymlarynyň awtory-da ýaňy tanalyp barýan rus şahyry Mihail Swetlow bolýar (1903-1964). Soňra ol  ýurduň uly şahyry we dramaturgy bolup ýetişýär. «Grenada» goşgusy, Sowet Soýuzynyň Gahrymany Liza Çaýkina bagyşlap ýazan goşgular toplumy awtora uly meşhurlyk getirýär. Ol aradan çykansoň, 1967-nji ýylda Lenin baýragyna mynasyp bolýar. Mihail Swetlowyň «Ýigrimi ýyldan soň» atly liriki pýesasy (1977) şol wagtky Mollanepes adyndaky drama teatrynda goýulýar.

«Men gaýdyp gelerin» filminde Bibigülüň keşbinde moskwaly aktrisa Natalýa Olşewskaýa, Gurbanyň keşbinde bakuwly aktýor Aly Melikow, Muhat baýyň ogly Nurynyň rolunda bolsa Gulluk Hojaýew çykyş edýär. Kino synçylary bu keşpleriň ynandyryjy çykandygyny belleýärler.

Aleksandr Ledaşew halypasy, dünýä belli sowet režissýory Wsewolod Pudowkiniň surata düşüren «Çingiz hanyň nesli» (1928) atly filminde režissýoryň kömekçisi bolýar. Elbetde, öň ulanylan sahnalaryň, wakalaryň, tärleriň soňky eserde gaýtalanmagy sungatda oňlanylmaýar. Emma kino sungatyny öwrenijiler Iwan Repiniň, Ýakow Aýzenbergiň we Baýram Abdyllaýewiň işlerinde bu sahnalaryň içki gurluşy taýdan täze mana, täzeçe öwüşgine eýedigi we bu ýagdaýlaryň dünýä tejribesinde-de duş gelýändigi bellenilýär.

«Men gaýdyp gelerin» filminde-de ýokarda agzalan sahnalar öňki filmleriň göçürmesi bolman, täzeçe döredijilik täri bilen utgaşyp, wakalar ýerli halkyň häsiýet aýratynlyklaryny, türkmen topragyň özboluşy tebigatyny açyp görkezýär. Bu sahnalaryň wakalary kinonyň esasy ideýasyny, pikirini öňe sürüp, täzeçe režissýorlyk çözgüdine eýe bolýar. Filmde içi pagtaly gaplaryň düýeli daşalyşy, haly dokalyşy, toý dessurlary we at çapyşygy ýaly wakalartürkmen halkynyň XX asyryň 20-nji ýyllaryndaky ýaşaýyş-durmuşyny suratlandyrýar. Munuň özi tomaşyçylara şol döwrüň ruhuny açyp görkezmäge, durmuş şertlerini göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär.

                     

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info