Sagatlar barada täsirli maglumatlar

MilliInfo

2 sagat öň

Mälim bolşy ýaly, sagadyň dilleri çepden saga aýlanýar. Munuň sebäbi-de, ilkinji gezek gün sagatlarynyň ulanylyp, onuň hem Günüň ýokary galmagy we kölegesine görä aýlanmagy bilen bagly bolupdyr.

Sagat öz gezeginde minut, sekunt, millisekunt, mikrosekunt, nanosekunt, pikosekunt, femtosekunt ýaly wagt aňladýan böleklere bölünýär. XVIII-XIX asyrlarda jübi sagatlaryny götermek ýörgünli bolup, şeýle sagatlary diňe gurply maşgaladan bolan adamlar ulanypdyr. Ilkinji jübi sagady 1503-nji ýylda Germaniýada oýlanyp tapylypdyr.

Çäge sagatlary irki döwürlerde ýüze çykyp, ol 15 minudy, 30 minudy we 1 sagady aňladypdyr. Ýöne çäge sagatlarynyň takyklygy bellibir derejede pes bolupdyr. Çünki howa sowanda çägäniň akyş tizligi maýyl günler bilen deňeşdirilende haýal bolupdyr.

Irki wagtlarda çäge sagatlaryndan başga-da, ýyldyz, gün hem-de suw sagatlary hem ulanylypdyr. Ilkinji gezek goşar sagady 1812-nji ýylda oýlanyp tapylypdyr. Şol döwür bir goşar sagadyny ýasamak üçin 25-e golaý işçiniň el güýji gerek bolupdyr.

Gadymy döwürlerde ulanylan gün sagatlary diňe Gün dogan mahaly wagty görkezipdir. Bulutly günlerde bolsa wagty hasaplamak mümkin bolmandyr.

Häzirki wagtda innowasion tehnologiýalaryň ösmegi bilen has kämil hem-de akylly sagatlaryň ençemesi öndürilýär. Şunlukda, dünýä boýunça öndürilýän sagatlaryň 60 %-i Ýaponiýanyň paýyna düşýär. 

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info