Britaniýanyň ýaşaýjysy Nik Norwiç bir aýlap sardina dietasyna berhizine eýermekden ybarat bolan synagy geçirmek kararyna geldi. Ol bu berhiziň netijelerini «Fox News» bilen paýlaşdy.
Norwiçiň lukmançylyk boýunça doktorlyk derejesine eýedigini bellemek gerek. Ol adam tutuş aýyň dowamynda diňe sardina iýendigini, wagtal-wagtal özüne başga iýmitlere rugsat berendigini aýtdy. Ol özüni gowy duýýandygyny we üç kilogram agramyny ýitirendigini paýlaşýar.
Nik yzygiderli gan barlaglaryndan geçdi. Bu dietanyň ýeke-täk kemçiligi ysdy. Dişlerini yzygiderli ýuwsa-da, ol balyk ysyny çykarýardy.
Munuň şahsy synagdygyny we hiç hili maslahat berilmeýändigi bellenilýär. Çünki mono-dietalar içege we böwrek meseleleriniň töwekgelçiligini döredýär. Sagdyn iýmitlenmegiň esasy ýörelgesi deňagramlylyk bolmaly.
Gastroenterolog Ýekaterina Sitnikowa «Rossiýskaýa gazeta» bilen söhbetdeşlikde iýmitlenmäni nädip saýlamalydygyny düşündirdi. Ol bu barada ilki lukman bilen maslahatlaşmagyň möhümdigini nygtady.
Show more