Kognitiw ukyplary ösdürmek islendik ýaşda mümkin. Fiziki işjeňlik, ýeterlik uklamak we deňagramly iýmitlenmek esasy ýörelgelerdir.
Kognitiw bedenterbiýe işleri täze neýron baglanyşyklarynyň emele gelmegine ýardam edýär. Bu daşary ýurt dilini öwrenmegi, logiki meseleleri çözmegi, esasan hem, beýnini rahatlyk zolagyndan çykmaga mejbur edýän islendik akyl işjeňligini öz içine alýar. Dürli işjeňlikleri çalşyrmak has täsirli: bir iş görnüşinden başga birine geçenimizde, beýniniň dürli bölekleriniň hereketi işjeňleşýär.
Bilermenler beýniniň saglygy üçin ýokary hilli ukudan has gowy zadyň ýokdugyny belleýärler. Gije dynç almagyň çuňňur tapgyrlarynda arassalaýyş prosesleri işjeňleşdirilýär: beýni gündiz toplanan zäherli beloklardan azat bolýar. Şeýlelikde, sagdyn adama azyndan 7-8 sagat uklamaga zerurlyk bar.
Galyberse-de, kognitiw funksiýa zyýanly täsir edýän stressi dolandyrmak barada ýatdan çykarmaly däl. Dem alyş maşklary dowamly ýokarlananda, beýniniň ýatkeşlik we öwrenmek üçin jogapkär bölegine zyýan ýetirýän stress gormony bolan kortizolyň derejesi peselýär.
Show more