Türkmen milli saçaklarynyň lezzetli tagamlarynyň biri-de palawdyr. Türkmenlerde palawyň etli, towukly we balykly gornüşleri giňden ýaýran. Towukly palawyň howur peçde bişirilýän gornüşiniň düzümi hem taýýarlanylyşy her bir zenan üçin gyzykly bolsa gerek.
Gerekli zatlar:
8 sany towuk budy
2 litr suw
1 çaý çemçe garaburç
2 lawr ýapragy
Ýarym sogan
Palawy üçin:
5 bulgur tüwi
2 nahar çemçe ýag
2 nahar çemçe mesge
Sousy üçin:
4 nahar çemçe gaýmak
1 nahar çemçe owradylan gyzyl burç
1 çaý çemçe duz
3 nahar çemçe ýag
Peç gabyna ulanmak üçin:
9 çaý çemçe mesge
1 litr towuk suwy
Taýýarlanylyşy:
1. Towuklary bir gazanda ýerleşdiriň we üstüne suw goşuň.
2. Gara burçy, lawr ýapragyny we sogany goşanyňyzdan soň, pes-orta otda bişmäge goýuň. Towuklaryň içi bişýänçä gaýnadyň.
3. Palawyny taýýarlamak üçin bir gazanda ýagy we mesgäni erediň.
4. Suwda saklanan tüwileri süzüp gazana atyň.
5. Duzuny goşup azyrak gowruň.
6. Bişen towuklary gazandan çykaryp, towuk suwuny soňra ulanmak üçin gyra aýryp goýuň.
7. Towuklaryň üstüne sürülmeli sousy taýýarlamak üçin gaýmagy, gyzyl burçy, duzy we ýagy bir gapda garyň.
8. 40 santimetr diametri bolan bir peç gabyna gowran palawyňyzy ýerleşdirip, deň düşer ýaly ýaýradyň. Üstüne towuklary suratdaky ýaly ýerleşdiriň.
9. Sousy towuklaryň üstüne çalyň.
10. Gapdala aýrylan towuk suwundan 1 litrini guýuň.
11. Ýagly kagyz bilen peç gabyny doly ýapyň.
12. 200 gradusly peçde 40 minut bişiriň.
Gyzgyny bilen iýilse has tagamly ! Işdäňiz açyk bolsun!
