Ýokumly kotletler — ajaýyp günortanlyk nahary: suwly we ýumşak

MilliInfo

2 sagat öň

Köpçüligi doýurýan we tagamly nahar bilen iýmitlendirmek üçin kotletler ajaýyp çözgütdir. «Готовим с Калниной Натальей» («Nataliýa Kalnina bilen tagam taýýarlalyň») kanaly etiň suwly we ýumşak bolmagy üçin ony nädip bişirmelidigini paýlaşdy.

Bize sygyr eti gerek bolar. Eti böleklere bölüň we aşhana çekijisi bilen ýenjip, üstüne burç sepmeli.

Soňra eti ýeralma (kartoşka) krahmalyna bulap, soýa sousyna çümdüriň.

Eti elektrik grilinde bişirmek ýa-da gyzardyjy gapda bişirmek maslahat berilýär, ýöne peçiň ýanynda durmaly bolarsyňyz. Grili «et sazlamasy» diýen wezipä goýuň, şonda gril bişirme ölçeglerini awtomatiki usulda utgaşdyrar.

Eger gyzardyjy gapda bişirýän bolsaňyz, bir tarapy gowy gyzarýança garaşyň, soňra öwrüň. Taýýar eti islendik işdäaçar bilen saçaga ýerleşdirip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info