Adam organizmi hakynda gyzykly maglumatlar

MilliInfo

2 sagat öň

Adam bedeni lukmançylyk tehnologiýalarynyň ösen döwründe hem haýran galdyrmagyny dowam etdirýär. Alymlar biziň bedenimiziň üýtgeşik hasaplanýan täze aýratynlyklaryny açýarlar. Onuň käbir üýtgeşik aýratynlyklary bilen tanyş bolalyň.

  • Adam organizmi açlyga 30-40 güne çenli, suwsuzlyga 3-5 güne çenli, howasyzlyga bolsa 6 minuda çenli çydap bilýär.

  • Adam bedeni bütin ömrüniň dowamynda, takmynan, 450 kilogram gyzyl gan öýjüklerini öndürýär. Has gyzykly ýeri bolsa biohimiki düzümi boýunça gan plazmasynyň deňiz suwuna meňzeşdigi bilen baglydyr.

  • Erkek adamyň ýüregi aýalyňkydan biraz haýal urýar.

  • Adamyň iň uly organy deri, iň agyr organy bolsa bagyrdyr.

  • Deriniň ýüzünde, takmynan, 32 000 000 bakteriýa ýaşaýar.

  • Adam bedeninde takmynan 72 km nerw bar.

  • Burun 50 000 dürli ysy tanamaga we ýatda saklamaga ukyplydyr.

  • Adam bedeninde 650-den gowrak myşsa bar.

  • Eger ähli myşsalaryň güýjüni birbada ulanyp bolsa adam bedeni 25 tonna çenli ýüki göterip bilerdi.

  • Dil bedeniň iň güýçli myşsasy hasaplanýar.

  • Bütin ömrüniň dowamynda adamyň saçlary 950 kilometrden gowrak ösýär.

  • Eşidiş ukybynyň peselmeginiň esasy sebäplerinden biri aşa agyr iýmitlenmek bolup biler.

  • 30 ýyldan soň adamyň boýy kem-kemden peselip başlaýar.

  • Adamlaryň 30 %-inden gowragy ýagtylykda asgyrýarlar. Şunda gözüňi açyp asgyrmak fiziki taýdan mümkin bolmadyk närse hasaplanýar.

  • Ýürek ynsan ömrüniň dowamynda, takmynan, 6 million litr gan işläp çykarýar.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info