«Derweze» gaz krateri Aşgabatdan 270 km uzaklykda, Garagum çölünde ýerleşýär. Gijelerine onuň içindäki alawlar uzakdan görünýär.
Krateriň taryhy geçen asyryň ortalaryndaky gözleg işleri bilen bagly. «Nebit-gaz» elektron neşirindäki maglumatlara görä, 1963-nji ýylda Merkezi Garagumda gözleg guýusyny burawlamak wagtynda ýerasty gazdan doly boşluk ýüze çykypdyr. Ýeriň üstki gatlaklary opurylyp, diametri, takmynan, 60 metr, çuňlugy bolsa 20 metr bolan çukur emele gelipdir.
Şol döwürde esasy alada adamlaryň we mallaryň gazdan zäherlenmeginiň öňüni almak bolupdyr. Şonuň üçin hem, hünärmenler kraterden çykýan gazy otlapdyrlar. Olar gazyň birnäçe günüň içinde ýanyp gutarjakdygyny çaklapdyrlar. Emma garaşylyşy ýaly bolmandyr — ýerasty gatlaklardan gazyň gelmegi dowam edipdir we alaw onlarça ýyllap öçmän gelipdir.
Derweze krateriniň iň gyzykly wakalarynyň biri 2013-nji ýylda bolup geçdi. Kanadaly syýahatçy we gözlegçi George Kourounis ýörite taýýarlykdan soň krateriň düýbüne düşüp, ol ýerden toprak nusgalaryny alypdyr. Onuň aýtmagyna görä, krateriň düýbi müňlerçe ownuk alaw bilen örtülen ýaly bolup, ses hem örän güýçli eken.
Has geň galdyryjy zat bolsa alymlar krateriň düýbünde ýokary temperatura çydamly bakteriýalary tapypdyrlar. Bu mikroorganizmleriň şeýle gyzgyn şertlerde ýaşap bilmegi alymlar üçin aýratyn gyzykly bolup, hatda başga planetalardaky ýaşaýyş şertlerini öwrenmek nukdaýnazaryndan hem ähmiýetli hasaplanypdyr.
Şeýlelikde, bir wagtlar birnäçe günüň içinde öçer diýlip çaklanan Derweze krateri onlarça ýyllap dünýäniň ünsüni özüne çekýär.

Show more