Türkmen gyzy diýlende, sypaýy, näzik, hakyky mähir dünýäsiniň eýesi göz öňüňde janlanýar. Gyz edebi ene-mamalarymyz üçin iň wajyp borç we jogapkärçilik hasaplanylýar. Hawa, türkmen halkynyň gyz edebine, nesil terbiýesine garaýşy barada söz açylanda, ata-babalarymyzyň: «Gyz edebi — il edebi» diýen pähimi biygtyýar ýadyňa düşýär. Çünki türkmen halky perzendiniň diňe bir boý-syratyna däl, eýsem, başarnygyna, at-abraýyna, edep-ekramyna guwanyp ýaşapdyr.
Türkmen zenanlary Watana, öý-ojaga, söwer ýara bolan wepadarlygyň nusgalyk göreldesini görkezipdirler. Ene-mamalarymyz öz gyzlaryna geljekki durmuşynda gerek boljak hünärler bolan biş-düş, tikin-çatyn, haly dokamak, keçe basmak, keşde çekmek, gaýma gaýamak ýaly işleriň inçe syrlaryny öwredipdirler. Gyz maşgala enäniň her bir hereketini öz häsiýetine siňdiripdir. Şonuň üçin hem, könelerimiz eneleriň öz çagalaryna, onda-da gyz perzendine görelde mekdebi bolmalydygy barada parasatly sözleri aýdypdyrlar.
Gyz maşgala, onuň hereketleri hemmeleriň gözünde bolýar. Şonuň üçin hem, ene-mamalarymyz gyzlara öwüt berenlerinde, şatlanan, begenen wagtlary gülenlerinde hem olaryň sesleriniň iki ädimden uzaga eşidilmezligini ündäpdirler. Gelin-gyzlaryň edim-gylymyna, edep-terbiýesine kybap gelýän, olaryň boý-syratyny bezeýän egin-eşikler, şaý-sepler özboluşlylygy bilen tapawutlanyp, olar milli medeniýetimizi, mirasymyzymyzy dünýä ýaýmakda möhüm orna eýedir. Şonuň üçin hem, gelin–gyzlarymyzyň millilige görä geýinmekleri-de edep kadalarynyň möhüm bölegi hasaplanylýar.
Türkmen halkynyň gyz edebine berýän ähmiýeti üýtgeşik. Gelin-gyzlarymyzda biziň halkymyza mahsus bolan asyllylygy, utanç-haýany, päkizeligi, uly hormaty, kiçä sarpa goýmagy terbiýelemek, hemişe bolşy ýaly, häzirki döwürde hem uly ähmiýete eýedir.
Türkmen halky gelin-gyzyny mukaddeslige deňeýär. Şu nukdaýnazardan hem, olara uly hormat goýulýar. Türkmen maşgalasynda çaga terbiýesini, gelin-gyzlaryň edep-ekramyny, sözleýiş medeniýetini, aň-düşünjesini kämilleşdirmekde kitaplaryň tutýan ornynyň uludygy bellenip geçilýär.
