Gözel tebigatymyzyň aýrylmaz bölegi hem bezegi bolan guşlaryň dünýäsi diýseň köpdürlidir. Guşlar diňe bir özüniň daşky ajaýyplygy bilen tebigatyň bezegi bolman, eýsem, olaryň özboluşly sesleri-de aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Aslynda, guşlar aýdym aýdýarmyka?
Guşlaryň bu aýratynlygyny anyklamak boýunça ençeme barlaglar geçirildi. Guşlary öwrenýän alymlaryň halkara hyzmatdaşlygy Awstraliýanyň dürli sebitlerinde ýaşaýan guşlarda gözlegleri alyp barmak bilen, guşlaryň bu aýratynlygynyň ritmiki wagt bilen baglydygyny ýüze çykardylar. Sidneý saz konserwatoriýasynyň gözleg işgäri H.Teýlor şeýle derňewi Kaliforniýa uniwersitetiniň hünärmenleri bilen bilelikde geçirdi. Şunda käbir guşlar jübütleşme döwründe, beýlekileri bolsa günüň belli bir wagtynda dürli sesleri çykarýarlar.
Guşlaryň sesi saz eserlerinde..
Guşlaryň şeýle haýran galdyryjy sesleri ençeme sazandalaryň, kompozitorlaryň hem ünsüni çekýär. Guşlaryň sesini açyp görkezýän köp sanly saz eserleri hem bar. Guşlaryň her biri özboluşly intonasiýany, belli bir ritmi öz içine alýan sesleri goýberýärler. Dürli ýurtlaryň aýdym-saz wekilleri öz eserlerinde, kompozisiýalarynda guşlaryň bu aýratynlygyny peýdalanýarlar. Geçen asyryň ortalarynda ýaşan rus kompozitory E.W.Denisowyň «Birdsong» atly eserinde hem tokaý guşlarynyň ajaýyp sesleri şöhlelendirilýär. Meşhur kompozitoryň bu eserinde tebigatyň janly sesleri bilen saz gurallarynyň arasynda üýtgeşik sfera emele gelýär. 1972-nji ýylda meşhur kompozitor E.Rautawara dürli guşlaryň sesleri bilen orkestriň sazlaşykly owazy döredýän ajaýyp sazy bolan «Cantus Arcticus» atly eseri döretdi.
Janly tebigatyň bezegi bolan guşlaryň şeýle ajaýyp aýdym-saza çalymdaş sesleri döredijilik adamlaryny täze-täze saz eserlerini döretmäge höweslendirýär.
Show more