Buz eýýamyna sebäp bolan zat

MilliInfo

15 Fewral, 2026

Buz eýýamynyň bolmagynyň sebäbi beýleki planetalaryň Ýerdäki agyrlyk güýjüne täsir etmesi bolup durýar. Bu agyrlyk güýjüniň netijesinde Ýeriň orbitasynda we töwereginde üýtgeşmeler bolýar. Munuň öz gezeginde Gün şöhleleriniň planetamyza bolan güýjüni üýtgedýändigini bellemek gerek. Dürli giňişliklerde ýylylygyň mukdary üýtgänsoň, polýar buzlara täsir edýän akym ugry tapawutlanýar.

Ilki bilen iňlis astronomy Sir Jon Herşel tarapyndan 1830-njy ýylda teklip edilen, soň bolsa 1920-nji ýylda serb alymy Milutin Milankowiç tarapyndan täzeden döredilen gatnaşyk dürli sikllerde birnäçe gezek güýçlenendir diýlip çaklanylýar.

Adaty buz döwri ortaça 100 müň ýyl dowam etse-de, iň ýakyn buz döwri 8 müň ýyl mundan ozal tamamlandy. Ýöne onuň täsirini häzirem duýup bolýar. Mysal üçin, häzirki wagtda Kanadada, Grenlandiýada, Demirgazyk Ýewraziýada we Antarktidada görlen buzluklar şol döwrüň gurluşlarydyr. Gyş möwsüminiň bolmagynyň sebäbi hem Gün şöhleleriniň planetamyza ýetýän burçunyň birneme üýtgemegi bolup durýar. 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info