Geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde taryhçylar ilkinji matanyň sekiz müň ýyl mundan öň hem bolandygy baradaky netijäni tassyklaýarlar. Şol wagtlar matalar zygyr süýüminden dokalypdyr. Gadymy Müsürde diwaryň ýüzüne çekilen suratlardan, şeýle hem şol döwürden biziň günlerimize gelip ýeten mata böleklerinden belli bolşy ýaly, adamlar mata dokamak üçin zygyr süýümini egripdirler hem-de işipdirler.
Belli taryhçy Gerodotyň belleýşi ýaly, gadymyýetde iň gymmat we arzyly sowgat mata bolupdyr. Gresiýada matalar dokalmandyr diýen ýaly. Ol ýere matalar Müsürden eltilipdir. Soňlugy bilen pagtadan mata dokamak ýola goýlupdyr. V-VI asyrlarda mata dokamak Angliýada we Germaniýada has hem ösüpdir. 1500-nji ýylda Ispaniýada 16 müň mata dokamaga ukyply gural bolupdyr. X-XIII asyrlarda mata dokamak ençeme ýurtlarda esasy käre öwrülipdir, ol söwda-da hem arzyly haryt hasaplanypdyr.
Taryhdan belli bolşy ýaly, geçmişde iň oňat matalar Merwde, Nusaýda dokalypdyr. Merwde dokalan matalar söwda gatnaşyklarynda esasy önümleriň biri bolupdyr. Muňa mysal edip, Merwde dokalan kenep matalarynyň tapylan böleklerini görkezmek bolar. Olar Müsüriň Kairdäki muzeýleriniň birinde saklanylýar we senesi boýunça IX-X asyrlara degişlidigi çaklanylýar.
Orta asyr taryhçysy Juweýniniň aýtmagyna görä, Merw Horasandaky ähli şäherlerden giň bolupdyr. Ilatyň sany aprel aýyndaky ýagşyň damjasyna barabar bolupdyr. Şol döwürlerde Merw uly bazarly şäher hökmünde-de tanalypdyr. Alys ýurtlardan gelen täjirler Merwiň bazarlarynda söwda edipdirler. Bazarlarda türkmenleriň dokan matalarynyň hyrydarlary az bolmandyr. Merw Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşmek bilen, Sarahs, Abiwerd, Amul, Ürgenç ýaly şäherleriň arasynda söwda aragatnaşygyny saklapdyr. Bu bolsa Merwiň ykdysady taýdan durnukly ösmegine oňat mümkinçilik döredipdir.
Show more