Doňduryjyny açýarsyňyz we uly aýsbergi tapýarsyňyz. Bu sowadyjyňyzda «No Frost» ulgamynyň ýokdugyny aňladýar. Sowadyjyny näçe köp açsaňyz, buz şonça-da çalt toplanýar, esasan hem, ýyly aýlarda.
Eremek prosesi ony rozetkadan aýyrmak bilen başlnaýar. Soňra sowadyjyny doly boşadyň. Buzy çalt eretmek üçin birnäçe ýönekeý usul bar.
Içine gyzgyn suwly gap goýuň ýa-da gyzgyn suw bilen doldurylan adaty plastik çüýşeleri ulanyň. Buz has çalt ereýär. Şeýle hem, doňduryjynyň diwarlaryna gyzgyn suw sepip bilersiňiz.
Ähli buzlar ýitip gidende, doňduryjyny doly arassalaň we diwarlaryny guradyň. Soňra içki ýüzlerini gliserin bilen süpürmek üçin pagta disk ulanyň. Gliserin täze buz gatlaklarynyň emele gelmegini haýalladýan inçe gorag gatlagyny döredýär. Ahyrsoňy, hemme zadyň doly guramagy üçin sowadyjyny ýarym sagat töweregi açyp goýuň.
Show more