Zirk

MilliInfo

4 sagat öň

Zirk

Ata Watanymyzda bitýän ösümlikleriň 2000-den gowragynyň dermanlyk häsiýetiniň bardygy ylmy gözlegler esasynda mälim edilendir. Şeýle ösümlikleriň biri hem zirkdir. Zirk gülli ösümliklere degişli bolan medeni we dermanlyk ösümlikdir. Häzirki döwürde dünýäde zirkiň 600-den gowrak görnüşi bar. Onuň boýy 1-5 metre ýetip, aram we subtropik klimatly ýerlerde ösýän gyrymsy agaçdyr. Görnüş dürlüligi Aziýa ýurtlaryna has köp ýaýrapdyr. Zirk Diýarymyzda Uly Balkanda, Günorta-Günbatar Köpetdagda duş gelýär, Magtymguly etrabynda bolsa ony köpçülikleýin ösdürip ýetişdirýärler.

Zirkiň diňe miwesi däl, eýsem, agajynyň gabygy, ýapraklary, köki hem dürli derdiň dermanydyr. Ösümligiň miwesiniň düzüminde C, E witaminleri, alma, limon turşulyklary, efir ýaglary we adam bedeni üçin peýdaly ýokumlar saklanýar. Zirk agajy maý-iýun aýlarynda gülleýär, sentýabr-oktýabr aýlarynda bolsa onuň miweleri bişýär. Zirkiň miwesinden bal, şerbet taýýarlanylýar. Onuň gabygy bilen ýapragyndan ýüň we deri boýamak üçin reňk alynýar.

Gadymy lukmanlar zirki zähere garşy derman hasaplapdyrlar. Gadymy Müsürde «sary gyzzyrma» keseli möwç alan döwründe zirkiň miweleri giňden peýdalanylyp, ondan em tapypdyrlar. Assiriýa patyşasy Aşurbanipalyň kitaphanasynda palçykdan ýasalan tagtajyklaryň ýüzüne 2650 ýyl mundan öň edilen ýazgylarda zirk «gany arassalaýan» ösümlik hökmünde ýatlanylýar. Orta asyrlarda-da zirk agajynyň gabygy, ýapraklary, köki we miwesi dürli keselleriň emi hökmünde ulanylypdyr.

Zirk bagryň we öt haltasynyň näsazlyklarynda, öt çykaryjy ýollaryň näsazlygynda, sary getirmede, öýkeniň sowuklamagynda, gaýmorit keselinde, guragyryny we beýleki bogun agyrylaryny bejermekde, sowuklamada we ýazky witamin ýetmezçiliginde, dişleri berkitmekde peýdasy önüm hökmünde ulanylýar.

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info